HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mugallymlar we talyplar Hytaýda okuw geçýärler

Awgust 07, 2025 | 16:30 |5229
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de halkara tejribe geçmek maksatnamalaryna gatnaşmak üçin Hytaýa ugradylarDöwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de halkara tejribe geçmek maksatnamalaryna gatnaşmak üçin Hytaýa ugradylar
Çeşme: bilim.tm

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de halkara tejribe geçmek maksatnamalaryna gatnaşmak üçin Hytaýa ugradylar. Okuw Şensi welaýatynyň Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde geçirilýär.

• Mugallym G. Rejepowa 2025-nji ýylyň 14-26-njy iýuly aralygynda hytaý dili mugallymlary üçin geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýar.

• Mugallym G. Baýramowa we hytaýşynas talyplar bolsa 2025-nji ýylyň 12-nji iýulyndan 10-njy awgustyna çenli ykdysadyýet we söwda boýunça halkara tejribesini geçýärler.

Okuw maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zaman okatmak usullary boýunça umumy sapaklar, şeýle hem amaly sapaklar geçirilýär. Mundan başga-da, gatnaşyjylar üçin Sianyň taryhy ýerlerine we ýadygärliklerine gezelençler guralýar, bu bolsa olara hytaý medeniýeti we däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu sapar mugallymlaryň we talyplaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026