HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG Awazada ilkinji gezek LLDC barada maglumat gününi belleýär

Awgust 07, 2025 | 00:32 |7515
6-njy awgustda Awazada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyrylan täze Halkara gününiň bellenilmegine bagyşlanan brifing geçirildi6-njy awgustda Awazada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyrylan täze Halkara gününiň bellenilmegine bagyşlanan brifing geçirildi
Çeşme: orient.tm

6-njy awgustda Awazada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen esaslandyrylan täze Halkara gününiň bellenilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Her ýyl 6-njy awgustda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» belleniler.

Bu taryhy günüň ilkinji gezek ählumumy meseleleri çözmek üçin köpgugurly meýdança öwrülen BMG-niň Üçünji maslahatynyň barşynda hut Türkmenistanyň özünde bellenilmegi möhümdir.

Brifingde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Ýokary wekili Rabab Fatima we Boliwiýanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Diýego Paçeko täze gününiň esasy maksady LLDC ýurtlarynyň öňünde duran kynçylyklar barada dünýä bileleşiginiň habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyndan ybaratdyr. Olaryň arasynda ýokary harytlary geçiriş çykdajylary, logistika päsgelçilikleri we howa töwekgelçilikleri bar.

Bu günüň hyzmatdaşlygy ösdürmekde we täze netijeli çözgütleri gözlemekde güýçli itergi boljakdygyna ynam bildirildi. Halkara gününiň esaslandyrylmagy bu diňe bir meseläniň wajyplygyny kabul etmek däldir, eýsem ol bu döwletleriň durnukly ösüşiniň bähbidine anyk hereketler üçin başlangyç nokatdyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026