HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan we Türkmenistan ýakyn wagtda serhetýaka söwda zolagyny işe girizerler

Awgust 07, 2025 | 12:05 |5710
Özbegistan we Türkmenistan ýakyn wagtda serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşdylar diýip, Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Spot.uz habar berýär.Özbegistan we Türkmenistan ýakyn wagtda serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşdylar diýip, Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Spot.uz habar berýär.
Çeşme: uztag.info

Özbegistan we Türkmenistan ýakyn wagtda serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşdylar diýip, Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Spot.uz habar berýär.

5-6-njy awgustda Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde MGSSM-niň başlygy Laziz Kudratow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanow hem-de Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar söwda-ykdysady we ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň ösüş meselelerini, şeýle hem senagat kooperasiýasynyň giňeldilmegi we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada maslahatlaşdylar.

Hususan-da, serhetýaka söwda zolagynyň (Şawat, Horezm oblasty – Daşoguz, Daşoguz welaýaty) işledilmegi hakynda ylalaşygyň gol çekilmegi we onuň ýakyn wagtda işe girizilmegi barada ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýle-de taraplar özara söwdanyň möçberini $2 mlrd ýetirmek boýunça bilelikdäki iş meýilnamasyny tassyklamak meselesi barada ylalaşdylar. MGSSM BMG-niň Senagat ösüşi guramasy bilen orta möhletleýin geljek üçin bilelikdäki hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklamak barada ylalaşdylar.

Bu maksatnama senagat, infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, halkara ekspertizany çekmek bilen adam maýasynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlar giriziler.

BMG-niň Ýewropa ykdysady topary bilen BMG-niň Merkezi Aziýa ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmek, “ýaşyl” ykdysadyýet, innowasiýalar, logistika, “akylly” oba hojalygy we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada maslahatlaşyldy.

Şawat-Daşoguz serhet geçelgesiniň ýanynda söwda zolagynyň gurulmagy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda başlandy. 2024-nji ýylyň fewralynda Şawkat Mirziýoýew “Özbegistan-Türkmenistan” erkin söwda zolagynyň döredilmegi hakynda karara gol çekdi. Özbek raýatlary hem-de türkmenistanlylar bu zolakda 15 güne çenli wizasyz bolup bilerler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026