HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Afrika, Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi

Awgust 06, 2025 | 23:57 |7210
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen täze duşuşyk tapgyryny geçirdiBMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen täze duşuşyk tapgyryny geçirdi
Çeşme: Köpçülikleýin habar beriş serişdesi

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen täze duşuşyk tapgyryny geçirdi. Bu gepleşikler Awazadaky giň gerimli çäresiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolandygyny tassykladylar. Duşuşyklaryň dowamynda Maslahatyň çäginde kabul edilen çözgtüleriň, şol sanda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň bu döwletleriň ykdysady ösüşine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Afrika bilen hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurdyr

Afrika ýurtlarynyň wekiliýetleri bilen geçirilen gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti yklymyň döwletleri bilen dostlukly we özara bähbtili gatnaşyklarynyň ösüşini daşary syýasatyň esasy ileri tutulýan ugrydygyny belledi.

Gambiýa Respublikasynyň Wise-prezidenti Muhammed Jallow bilen duşuşygyň dowamynda taraplar energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy gorayş we bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Gambiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynda bilim ulgamy boýunýa ynsanperwer aragatnaşyklara we gyzyklanmalara aýratyn üns berildi.

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Maýkl Bizuik Usi bilen gepleşikde onuň saparynyň döwletara gatnaşyklarynda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Türkmenistanyň energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy barlaglar babatda gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygy beýan edildi.

Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşygy oba hojalyga innowasiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, bilim we işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde umumy mümkinçilikleri ýüze çykardy.

prezident-turkmenistana-vstrechi-afrika-aziya-kavkaz (3).jpg

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa bilen geçirilen gepleşikler diňe ikitaraplaýyn esasdaky özara gatnaşyklary däl-de, eýsem BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy maksat edindi. Ada döwletiniň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada bellemek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipleri göz öňünde tutup hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Uganda Respbulikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we energtika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda gyzyklanma bildirildi. Türkmen tarapynyň Ugandanyň Türkmenistanyň gaz-himiýa we beýleki senagat pudaklarynda gazananlary bilen tanyşmak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipleri goldamak taýýarlygy beýan edildi.

Kawkazda we Aziýada hyzmatdaşlyk gözýetimlerini giňeldip

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşygyň dowamynda hil taýdan täze derejä çykarylan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşi tassyklandy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sungat babatynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi.

prezident-turkmenistana-vstrechi-afrika-aziya-kavkaz (2).jpg

Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen geçirilen söhbetdeşlikde ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş we ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Türkmenistanyň özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça konsrtuktiw başlangyçlary goldamaga taýýardygy beýan edildi.

prezident-turkmenistana-vstrechi-afrika-aziya-kavkaz (5).jpg

Duşuşyklaryň ähli gatnaşyjylary Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna agramly goşant goşjakdygyny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026