HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýylyň başyndan takmynan 30 % ýokarlandy

Awgust 06, 2025 | 14:30 |5630
2025-nji ýylyň başyndan Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende takmynan 30 % ýokarlandy.2025-nji ýylyň başyndan Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende takmynan 30 % ýokarlandy.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň başyndan Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende takmynan 30 % ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň wise-premýeri Dmitriý Patruşewiň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boýunça TASS habar berýär.

Saparynyň dowamynda Patruşewi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi. Taraplar strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi barada nygtadylar. Patruşewiň aýtmagyna görä, ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy özara söwdanyň möhüm ösüşi, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýarlygy bilen tassyklanylýar.

Oba hojalyk pudagy esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar: oba hojalyk önümleriniň geçirilmeginde oňyn ösüş depgini hasaba alyndy. Russiýa Türkmenistana azyk harytlarynyň we mineral dökünleriniň eksport möçberini ýokarlandyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Saparynyň dowamynda wise-premýeriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy geçirildi. Esasy üns söwda-ykdysady özara gatnaşyklaryň we ekologiýa hyzmatdaşlygynyň ösüş meselelerine, hususan-da Hazar deňzini gorap saklamak boýunça bilelikdäki tagallalara berildi.

Aýratynlykda rus tarapynyň daşky gurşawy goramak, geologiýa we tebigy baýlyklaryň rejeli ulanmak ýaly ugurlar boýunça dialogy giňeltmäge gyzyklanmasy beýan edildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

21:55 Iýul 21, 2026
Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

21:50 Iýul 21, 2026
Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

20:00 Iýul 21, 2026