HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Türkmenistan bilen ulag geçelegelerini ösdürmek we sebit üstaşyr daşamalary güýçlendirmek boýunça pikir alyşar

Awgust 05, 2025 | 10:57 |4261
Eýran üç yklymyň merkezinde ýerleşýän özboluşly geografik aýratynlygynyň netijesinde sebitleýin merkez hökmünde üstaşyr daşamalar ulgamy boýunça goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.Eýran üç yklymyň merkezinde ýerleşýän özboluşly geografik aýratynlygynyň netijesinde sebitleýin merkez hökmünde üstaşyr daşamalar ulgamy boýunça goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
Çeşme: balkanshipyard.com.tm

Eýran üç yklymyň merkezinde ýerleşýän özboluşly geografik aýratynlygynyň netijesinde sebitleýin merkez hökmünde üstaşyr daşamalar ulgamy boýunça goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Eýran üstaşyr daşamalar ulgamy boýunça möhüm geografik orna eýe bolup, goňşy we sebitleýin ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny Eýranyň Birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref, Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmezden öň habar berdi. "Eýranyň bu ýurtlar bilen gowy gatnaşyklary bar, we bu saparyň maksady – hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy, hususan-da, ulag we logistika ugurlarynda gepleşikleri geçirmekdir" – diýip, Mohammad Reza Aref aýtdy.

Eýranyň Aziýa, Ýewropa we Afrika yklymlarynyň arasynda ýerleşýändigi sebäpli, ol 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ygtybarly sebitleýin merkez bolup biljek, olaryň 8-i Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada ýerleşýär. Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi sebitdäki ähli ýurtlar üçin peýdaly bolar, diýip, IRNA döwlet habarlar agentligi onuň sözlerini getirýär.

Bu we beýleki meseleleri Aref, Türkmenistana saparynyň çäginde ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär, şeýle hem onuň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen, Türkmenistanyň ýolbaşçylary we beýleki döwlet baştutanlary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026