HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri Hytaýda geçirilen senagat parklarynyň gurluşygy we dolandyrylyşy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Awgust 05, 2025 | 09:05 |3562
2025-nji ýylyň 17-30-njy iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin senagat parklarynyň gurluşygy we dolandyrylyşy boýunça geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistandan 5 wekiliň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy hem gatnaşdy.2025-nji ýylyň 17-30-njy iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin senagat parklarynyň gurluşygy we dolandyrylyşy boýunça geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistandan 5 wekiliň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy hem gatnaşdy.
Çeşme: “Senagat parklarynyň ösüşiniň görnüşleri we aýratynlyklary” atly okuw maslahaty

2025-nji ýylyň 17-30-njy iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin senagat parklarynyň gurluşygy we dolandyrylyşy boýunça geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistandan 5 wekil gatnaşdy. Bu barada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Amanmyrat Arazow habar berdi.

Okuw maslahaty Hytaýyň Týanzin we Şenžen şäherlerinde geçirildi. Týanzin şäherinde gatnaşyjylar ykdysady-tehniki ösüş zolagynda bolup, şol ýerde kärhanalaryň döredilmegi we iş alyp barmagy bilen baglanyşykly administratiw hyzmatlaryň “bir penjire” ulgamy bilen tanyşdylar. Ulgam arkaly gerekli rugsatnamalaryň we resminamalaryň tiz we netijeli berilýändigi görkezildi.

1

Maslahatda dürli ýurtlardaky ýörite ykdysady zolaklaryň döreýiş taryhy, olaryň hukuk we ykdysady binýady, şeýle hem ösüşine täsir edýän esasy faktorlar boýunça giňişleýin maglumat berildi. Hytaýyň ykdysady ösüşindäki ýörite zolaklaryň orny baradaky tejribesi hem paýlaşyldy.

Şenžen şäherinde dowam eden okuw maslahatynda “Senagat parklarynyň ösüşiniň görnüşleri we aýratynlyklary” diýen mowzukda çykyşlar diňlenildi. Şenžendäki sanly we ýokary tehnologiýaly senagat parklarynyň ösüş modeli, ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşy we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy esasynda döredilen dolandyryş ulgamy barada giň maglumat berildi.

2

Maslahata gatnaşyjylar Şenžendäki meşhur Lohu söwda merkezine baryp, içerki we halkara bazarlaryň arasyndaky gatnaşyklar, daşary ýurtly alyjylara döredilýän mümkinçilikler we söwda infrastrukturasynyň gurluşy bilen tanyşdylar.

Týanzin şäherinde gatnaşyjylar täze we innowasion Binhaý etrabynyň giňişlik meýilnamasy, ýaşaýyş hem-de senagat zolaklarynyň sazlaşykly ýerleşişi, döwrebap infrastruktura we durnukly şäher ösüşiniň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Binhaýda Hytaý-Singapur hyzmatdaşlygynyň çäginde döredilen ekologiýa şäherine (Eco-City) baryp gördüler. Bu şäherde howa we suw serişdeleriniň goraglylygyny üpjün etmek, pes zyňyndyly önümçilik we täze energiýa çeşmelerini ulanmak ýaly ugurlarda ösen tehnologiýalaryň ulanylýandygy görkezildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026