HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rabab Fatima: Türkmenistanyň goldawy raýat guramalarynyň LLDC3 forumyna gatnaşmagyny üpjün etdi

Awgust 04, 2025 | 14:55 |4480
Raýat jemgyýeti guramalarynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagy taryhy waka boldyRaýat jemgyýeti guramalarynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagy taryhy waka boldy
Çeşme: orient.tm

Raýat jemgyýeti guramalarynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagy taryhy waka boldy. Bu barada BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, az ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň we ösüp barýan kiçi ada döwletleriň işleri boýunça Ýokary wekili, şeýle hem LLDC3 forumynyň Baş sekretary Rabab Fatima ORIENT saýty bilen söhbetdeşliginde belledi.

Fatima Türkmenistanyň hökümetine çärä raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyny üpjün etmekde ýardam berendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

1

“Bu taryhy waka. Bütin dünýäniň raýat jemgyýetine gatnaşyjylar bu ýere wajyp bir işiň bölegi bolmak üçin ýygnanyşdylar” – diýip belledi.

Onuň aýtmagyna görä, raýat jemgyýetiniň wekilleri diňe bir maslahata gatnaşman, eýsem Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň taýýarlygyna möhüm goşant goşdylar. Rabab Fatima olaryň bu maksatnamany ýerlerde – bileleşiklerde we ilatyň arasynda durmuşa geçirilmegini ilertletmekdäki möhüm orny barada belledi.

“Olaryň foruma gatnaşmaklary we kabul ediljek hereketlere çagyryş Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ýerine ýetirmekde möhüm goşant bolar” – diýip, Fatima aýtdy.

2

Ol raýat jemgyýeti guramalarynyň bileleşik derejelerinde hem-de öz ýurtlarynyň çäginde gowy ýagdaýda gurlandygyny belläp, global çözgütleriniň “lokallaşdyrylmagy” barada nygtady.

“Kararlar global derejede kabul edilýär, emma ýerli derejede durmuşa geçirilýär. Hut şu ýerde raýat jemgyýeti möhüm orun tutuýar” – diýip belledi.

3

Fatima BMG-niň LLDC ýurtlarynyň raýat jemgyýetleriniň konsultatiw we giňeldilen wekiller toparlary bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini aýtdy. Ol Hereketleriň Awaza maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen olaryň monitoringdäki, adwokatlaşdyrmakdaky we milli häkimeýtler bilen hyzmatdaşlykdaky ähmiýetli orny barada nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026
Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

22:00 Oktýabr 02, 2026
Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

20:25 Oktýabr 02, 2026