HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Indoneziýanyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

Awgust 04, 2025 | 12:30 |3510
2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Indoneziýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Çandra Warsenanto Sukotýony täze diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlikleri arzuw etdi.2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Indoneziýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Çandra Warsenanto Sukotýony täze diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Indoneziýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Çandra Warsenanto Sukotýony täze diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar söwda, maýa goýum, energiýa, ulag we logistika ýaly pudaklarda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, türkmen-indonez hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönümel gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we yzygiderli konstruktiw gepleşikleri geçirmäge, şeýle hem sebitleýin we halkara derejedäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026