HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Reddit doly gurluşly gözleg ulgamyna öwrülip, Google-a garşy bäsleşik yglan edýär

Awgust 03, 2025 | 14:11 |3916
Reddit sosial ulgamy gözleg tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça uly meýilnamalary barada yglan etdi we doly gurluşly gözleg ulgamyna öwrülmäge taýýarlanýarReddit sosial ulgamy gözleg tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça uly meýilnamalary barada yglan etdi we doly gurluşly gözleg ulgamyna öwrülmäge taýýarlanýar
Çeşme: Unsplash

Reddit sosial ulgamy gözleg tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça uly meýilnamalary barada yglan etdi we doly gurluşly gözleg ulgamyna öwrülmäge taýýarlanýar. Kompaniýanyň baş direktory Stiw Haffmanyň sözlerine görä, Reddit, her hepde maslahat almak üçin platforma ýüzlenýän ýüzlerçe million ulanyjy üçin «esasy gözleg ulgamyna» öwrülmäge ünsüni jemleýär.

Strategiýanyň esasy elementi Reddit Answers hyzmatydyr — emeli aňa esaslanýan gözleg ulgamy, ol Reddit-däki adaty gözleg bilen birleşdirilip, umumy interfeýse goşuljakdyr. Gözleg setiri ulanyjylara derrew görner, bu bolsa onuň ulanylyşyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Reddit-iň gözleginiň hepdelik auditorýasy 70 milliondan gowrak adamy öz içine alýar, Reddit Answers ulanyjylarynyň sany bolsa birnäçe aýyň içinde 1 milliondan 6 milliona çenli artdy.

Kompaniýanyň strategiýasy, ulanyjylaryň Google'da «reddit» sözüni gözlegde goşmak arkaly hakyky adamlar tarapyndan beýan edilýän pikirleri tapmaga uly isleg görkezýänligine esaslanýar. Emma Reddit-iň öňünde birnäçe uly kynçylyklar bar: Google'niň bazardaky hökmürowanlygy (91%), platformanyň esasy dili hökmünde iňlisçäniň ulanylyşy we esasy gözleg ulgamyndan durnuksyz trafik almak.

Şunuň bilen bir hatarda, kompaniýa täsirli maliýe netijelerini görkezýär: ýyllyk girdejisi 78%-e ýokarlandy we $500 milliona ýetdi. Reddit, gözleg hyzmatyny dünýä ýüzünde giňeltmegi meýilleşdirýär. Reddit-iň esasy bäsdeşlik artykmaçlygy — müňlerçe işjeň bileleşikler tarapyndan döredilen kontentdir, bu Haffmanyň pikirine görä, algoritm we emeli aň arkaly döredilen jogaplar üçin iň gowy alternatiw görnüşidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026