HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý: hepdäniň esasy wakalary

Awgust 01, 2025 | 16:25 |3376
Olar hem içerki gün tertibine, hem-de ykdysadyýetden başlap emeli aň tehnologiýalaryna çenli strategiki meseleler boýunça global maslahatlaşmalara täsir etdi.Olar hem içerki gün tertibine, hem-de ykdysadyýetden başlap emeli aň tehnologiýalaryna çenli strategiki meseleler boýunça global maslahatlaşmalara täsir etdi.
Çeşme: substack.com

Şu hepde (26-njy iýul – 1-nji awgust) Hytaýda birnäçe möhüm waka bolup geçdi. Olar hem içerki gün tertibine, hem-de ykdysadyýetden başlap emeli aň tehnologiýalaryna çenli strategiki meseleler boýunça global maslahatlaşmalara täsir etdi.

HWG 2025-nji ýyl üçin Hytaýyň ykdysady ösüş çaklamalaryny ýokarlandyrdy Halkara walýuta gaznasy (HWG) 2025-nji ýyl üçin Hytaýyň JIÖ-niň 4,8 % çenli ösüş çaklamalaryny berýär. Bu bolsa ähli ýurtlaryň arasynda iň möhüm ösüş görkezijisidir. Bu barada 30-njy iýulda Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy edarasynyň mejlisiniň barşynda bellendi. Häkimiýet özgerişleri ösdürmek zerurlygy, içerki islegiň höweslendirilmegi we talaba laýyk gelmeýän bäsdeşlige garşy göreş barada mälim etdiler.

Hytaý goşuny esaslandyrylan gününiň 98 ýyllygyny belledi

31-nji iýulda Pekindäki Halk mejlisler öýünde Hytaýyň Halk-azat ediji goşunynyň (HHAEG) esaslandyrylmagynyň 98 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu baýramçylyk 1-nji awgustda bellenilýär.

Goranmak ministri Don Szýun HHAEG-niň milli agzybirligi we parahatçylygy üpjün etmek taýýarlygy barada nygtady. Şanly sene mynasybetli Hytaýyň Merkezi teleýaýlymy goşunyň häzirki zaman integrirlenen güýje öwrülmegi baradaky dokumental serialynyň görkezilişini başlady.

Hytaý AI babatda hyzmatdaşlyk boýunça global guramany döretmegi teklip etdi

26-njy iýulda Şanhaýda geçirilen Bütindünýä emeli aň maslahatynda (WAIC) Hytaý AI-ni dolandyrmak boýunça Global hereketler meýilnamasy bilen tanyşdyryp, bu ugurda hyzmatdaşlyk boýunça täze halkara guramany döretmegi teklip etdi. Guramanyň ştab-kwartirasynyň Şanhaýda ýerleşdirilmegi mümkin. Bu başlangyç ozal ABŞ-nyň AI babatda şahsy agdyklyk etmek meýilnamalary baradaky beýanatlaryna jogap hökmünde beýan edildi.

Hytaý we ABŞ “nyrh ylalaşygy” barada ylalaşdylar

28-29-njy iýulda Stokgolmda geçirilen ykdysady gepleşikleriň barşynda Hytaý we ABŞ özara gümrük haklary boýunça 24 % möçberinde “nyrh ylalaşygyny” uzaltmak barada ylalaşyp, onuň hereket edişini 12-nji awgusta çenli wagtlaýyn togtatdylar. HHR-iň wise-premýeri He Lifen we ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent gepleşikleriň konwtsruktiw häsiýetini bellediler. Taraplar täze gepleşik tapgyryny 90 günden soň geçirmegi meýilleşdirýärler.

Hytaý çagalara seretmek boýunça ilkinji milli pul kömek maksatnamasyny girizýär

28-nji iýulda HHR-iň häkimiýeti ýurtda ilkinji çaga pul kömek maksatnamasynyň girizilýändigi barada habar etdi. Ol maşgalalary goldamaga we çaga dogluşy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maksatnama her bira çaga üçin üç ýaşa çenli ýylda 360 ýuana (takmynan 503 ABŞ dollary) çenli tölenilmegini göz öňünde tutup, ol her ýyl 20 mln-dan gowrak maşgalany öz içine alar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin býujetden 90 mlrd ýuan (12,5 mlrd ABŞ dollary) aýryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026