HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Owganystan Turgundy portuny döwrabaplaşdyrmak üçin 5 million dollarlyk ylalaşyga gol çekdiler

Awgust 01, 2025 | 00:23 |39010
Türkmenistan bilen Owganystan iki ýurdy birleşdirýän möhüm söwdä merkezi bolan Turgundy portunyň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdilerTürkmenistan bilen Owganystan iki ýurdy birleşdirýän möhüm söwdä merkezi bolan Turgundy portunyň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler
Çeşme: afghanislamicpress.com

Türkmenistan bilen Owganystan iki ýurdy birleşdirýän möhüm söwdä merkezi bolan Turgundy portunyň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Bahasy 5 million ABŞ dollara deň bolan resminama srbitleýin ulag aragatnaşygyny we Günorta we Merkezi Aziýanyň üstaşyr geçiş netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ylalaşyk Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň düzümine girýän Demir ýol müdirligi bilen Türkmenistanyň “Demirýollary gurluşyk” döwlet demirýol gurluşyk kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy diýip, “Ariananews” habar berýär.

Bu ädim demir ýol ulgamyny utgaşdyrmak we serhetüsti söwdany işjeňleşdirmek ugrundaky ikitaraplaýyn giň tagallaryň bir bölegidir. Owganystanyň Jemgyýetçilik ministrliginiň beýanatyna görä, ylalaşykda Turgundy-Hyrat demir ýolunyň ugrundaky häzirki zaman ýük düşürýän we ýükleýän desgalarynyň şol sanda ammarlarynyň taslamalary türkmen tarapyndan düzülmegi we gurulmagy göz öňünde tutulan. Bu döwrebaplaşdyryş işleri portuň geçiriş mümkinçiligini artdyrar we amallaryň netijelligini ýokarlandyrar diýip garaşylýar.

Turgundy gury portunyň ösdürilmegini iki ýurduň resmi adamlary Owganystany sebit söwdasy üçin gury ýer köprüsi hökmünde kesgitlemek ugurndaky tagallarynda möhüm tapgyr hökmünde görýärler. Kämilleşdirilen infrastruktura diňe bir importyň we eksportyň mukdary artdyrmak bilen birlikde Owganystanyň serhetüsti logistikada ornuny hem ýokarlandyrar diýip garaşylýar.

Ylalaşyk Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady esasanam demir ýol we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlaryň dowamydyr. Resmi adamlar sebitleýin arabaglanşygyň uzak möhletleýin ykdysady ösüş we durnuklylyk üçin esas bolup durýandygyny yzygiderli nygtaýarlar.

Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamasy diňe söwdany ýeňilleşdirmän, eýsem täze söwda mümkinçiliklerini döreder we durnukly sebit hyzmatdaşlygy arkaly iki ýurduň has giň maksatlary ýetmek üçin ýardam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026