HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda iň yssy aýlarynyň bäşligine girmegi mümkin

Iýul 31, 2025 | 16:15 |3046
Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda alnyp barylan howa gözegçiliginiň taryhynda iň yssy aýlarynyň bäşligine girmegi ähtimal.Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda alnyp barylan howa gözegçiliginiň taryhynda iň yssy aýlarynyň bäşligine girmegi ähtimal.
Çeşme: orient.tm

Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda alnyp barylan howa gözegçiliginiň taryhynda iň yssy aýlarynyň bäşligine girmegi ähtimal. Howa kadasynyň +31,7° bolmagynda şu günki günüň ortaça temperaturasy +33,4° barabardyr.

Iň yssy iýul aýy 2018-nji ýylyň iýuly boldy. Şol wagtda ortaça aý temperaturasy +35,2° boldy. Soňra bolsa 2019-njy we 2021-nji ýyllar gelýär, şonda temperatura +33,7° boldy. 2023-nji ýylda bolsa howa derejesi +33,4°, 2015-de +33,2°, 1983-de bolsa +33,1° deňdi. Has yssy ýyllaryň soňky onýyllyklara düşýändigi bellärlikdir.

Munuň bilen birlikde häzirki iýul aýynda Aşgabatda çakdanaşa ýokary howa derejesi bolmady. 2021-nji ýylda hasaba alnan iň ýokary temperaturanyň +46,8° bolmagynda, şu ýyl ol diňe +43,2° deňdir.

Çaklamalar hem dogry bolup çykmady. Global howa modelleriniň maglumatlaryna, hususan-da, GFSv2 maglumatyna laýyklykda, iýul aýynda iýun aýy bilen takmynan deň howanyň bolmagyna garaşylýardy. Ýygy demirgazyk-günbatar atmosfera hereketleriniň hasaba alynmagy bilen, şu ýylyň iýul aýynyň soňky kadadan ýokary yssy onýyllygyň iň salkyn aýy bolmak mümkinçiligi bardy.

Emma sinpotik prosesinde ýylylyk depresiýasy ýüze çykyp ugrady. Bu bolsa ýokary temperaturalaryň ähtimallygyny aňladýar. Demirgazyk-günbatar atmosfera hereketleriniň yýgylygy peselip, özleri bolsa gowşak ýagdaýda boldy. Şeýlelik bilen, soňky ýyllaryň çakdanaşa ýokary temperaturalary saklanyp galýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

03:25 Sentýabr 12, 2026
Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

00:20 Sentýabr 12, 2026
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026