HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Karaca Turkmenistan rahat we amatly onlaýn-söwda üçin saýtyny we goşundysyny döretdi

Iýul 31, 2025 | 09:00 |5675
Gap-gaç, öý dokma we bezeg önümleriniň iň tanalýan we abraýly brendleriň biri bolan Karaca Türkmenistanda alyp barýan işiniň gerimini giňeltmegini dowam edýär.Gap-gaç, öý dokma we bezeg önümleriniň iň tanalýan we abraýly brendleriň biri bolan Karaca Türkmenistanda alyp barýan işiniň gerimini giňeltmegini dowam edýär.
Çeşme: Karaca Turkmenistan

Gap-gaç, öý dokma we bezeg önümleriniň iň tanalýan we abraýly brendleriň biri bolan Karaca Türkmenistanda alyp barýan işiniň gerimini giňeltmegini dowam edýär. Indi Karaca Turkmenistan kompaniýasy müşderileri üçin söwdany has amatly ýagdaýda amala aşyrmak üçin resmi web-sahypasyny hem-de iOS we Android pltaformalaryndaky enjamlaryň ulanyjylaryna elýeterli bolan mobil goşundysyny döretdi.

Bu bolsa ýurdumyzda bölekleýin söwdanyň sanly transformasiýasynda möhüm ädim bolup, satyn alyjylara Karaca harytlaryny öýden çykman islendik wagt we islendik ýerden sargyt etmäge mümkinçilik berdi.

Onlaýn-platformanyň döredilmegi bu öz müşderilerine has ýakyn bolmaga hem-de halkara hyzmat ediş standart hiline laýyk bolmaga çalyşýan brendiň ösüşiniň adaty dowamydyr. Amatly nawigasiýa ulgamy, düşnükli interfeýs, giňeldilen filtrasiýa we tiz töleg ulgamy harydy saýlamak we sargydy resmileşdirmek işini ýokary derejede aňsat we rahat edýär.

1

Saýt ýa-da goşundy arkaly resmileşdirilen ähli sargytlar Aşgabat boýunça mugt eltip berilýär. Munuň özi onlaýn-söwdany özüne çekiji edip, brendiň müşderä gönükdirilendigini açyp görkezýär. Şeýle hem Karaca onlaýn- satyn alyjylara bölekleýin satuw dükanlardakydan hem ýokary arzanladyş bahalary hödürleýär. Mysal üçin, dükanda 50 % arzanladyş hereket edýän bolsa, saýtda bolsa ol 60 % ýetip bilýär. Bu bolsa söwdany has amatly we rahat edýär.

Täze sanly platformalanyň girizilmegi bilen Karaca Turkmenistan tozan sorujynyň sowgatly utuşlaryny geçirýär. 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli saýt ýa-da goşundy arkaly sargyt eden her bir adam gönüden-göni onuň gatnaşyjysy bolýar. Ýeňiji 1-nji sentýabrda brendiň sosial ulgamlarynda yglan ediler.

2

Karaca Turkmenistan ynamly ösmegini dowam etdirip, satyn alyjylara diňe bir öý üçin ýokary hilli önümleri däl-de, eýsem döwrebap hyzmat ediş derejesini hem hödürleýär. Resmi saýtyň we mobil goşundysynyň işe girizilmegi bu ýokary hiliň, amatlylygyň we müşderi baradaky aladanyň ileri tutuljak geljege ädimdir.

Karaca saýty we goşundysy Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylary üçin elýeterlidir. Onlaýn-söwda indi hem mümkin, hem-de amatlydyr.

Habarlaşmak üçin:

Telefon:

+993 71 800-103

+993 71 800-104

Dükanlarymyz:

Seýitnazar Seýdi «Ýakymly» binasy, köç.

«Berkarar» SDAM, 0-njy gat, A57 dükany

Resmi saýt: karaca.com.tm

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026