HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aaeon: Intel Core Ultra esasynda täze ultra ykjam senagat PC-si

Iýul 30, 2025 | 15:00 |3350
Aaeon kompaniýasy PICO-MTU4-SEMI mini-kompýuterini çykardy — Intel Core Ultra prosesoryň binýadynda döredilen bu enjam wentilýatorsyz işleýär. Öndürijiniň bellemegine görä, bu şeýle görnüşli «dünyaniň iň kiçi» enjamydyrAaeon kompaniýasy PICO-MTU4-SEMI mini-kompýuterini çykardy — Intel Core Ultra prosesoryň binýadynda döredilen bu enjam wentilýatorsyz işleýär. Öndürijiniň bellemegine görä, bu şeýle görnüşli «dünyaniň iň kiçi» enjamydyr
Çeşme: Aaeon

Aaeon kompaniýasy PICO-MTU4-SEMI mini-kompýuterini çykardy — Intel Core Ultra prosesoryň binýadynda döredilen bu enjam wentilýatorsyz işleýär. Öndürijiniň bellemegine görä, bu şeýle görnüşli «dünyaniň iň kiçi» enjamydyr. Onuň ölçegleri bary-ýogy 108 x 95 x 43 mm barabar.

Kiçi ölçeglerine garamazdan, PICO-MTU4-SEMI doly passiw ýagdaýda, ýagny wentilýatorsyz işleýär. Bu ýagdaý onuň sessizligini we ýokary ygtybarlylygyny üpjün edýär. Kompýuter, aýratynlykda robotlara we awtomatlaşdyrylan ulag serişdelerine (AGV) integrasiýa üçin senagatda ulanylmaga niýetlenendir.

Şu sebäpli PICO-MTU4-SEMI senagat enjamynda giňden ulanylýan birnäçe DB9 konnektory bilen enjamlaşdyrylandyr, olaryň köpüsi opsional bolup, RS-232/422/485 yzygiderli aragatnaşyk üçin niýetlenendir. Bu portlaryň biri GPIO (General Purpose Input/Output) wezipesini hem ýerine ýetirýär, bu bolsa maglumat girizmek we çykarmak mümkinçiliklerini giňeldýär. Ýörite konnektorlardan başga, mini-PC-de iki USB 3.2 Type-A, 2.5GbE we 1GbE tor portlary, HDMI 1.4 porty we zarýad öýjügi bar.

0,6 kg agramlyk Mini-PC-de şular ýerleşdirilendir: Intel Core Ultra 5 125U ýa-da has güýçli Intel Core Ultra 7 165U prosesory (ikisi-de 15 W TDP başlangyç güýç bilen), 32 GB-a çenli LPDDR5 operasion ýady (çiplendirilen), M.2 2280 ýatda saklaýjy üçin slot (PCIe Gen 4 we SATA bilen uýgunlaşýan) we Wi-Fi moduly üçin goşmaça M.2 2230 E-Key sloty. Mini-PC Windows 10, Windows 11 we Ubuntu Linux 22.04.2 operasion ulgamlaryny goldaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026