HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft kompaniýasy Microsoft Store arkaly Office-i işletmekden el çekýär: Ulanyjylar üçin möhüm üýtgeşmeler

Iýul 29, 2025 | 16:00 |3516
Microsoft Store arkaly gurnalan Microsoft 365 wersiýalary üçin funksiýalaryň täzelenmeleri 2025-nji ýylyň oktýabrynda togtadylýarMicrosoft Store arkaly gurnalan Microsoft 365 wersiýalary üçin funksiýalaryň täzelenmeleri 2025-nji ýylyň oktýabrynda togtadylýar
Çeşme: Microsoft

Microsoft öz ofis programmalarynyň ýaýradylmagyna degişli strategiýasyny gaýtadan gözden geçirýär we Microsoft Store arkaly Microsoft 365-i işletmegini bes etjekdigini habar berdi. Bu çözgüt ulanyjylar üçin täzelenmeleriň kabul ediliş usulyna möhüm täsir ýetirýär.

Microsoft Store arkaly gurnalan Microsoft 365 wersiýalary üçin funksiýalaryň täzelenmeleri 2025-nji ýylyň oktýabrynda togtadylýar. 2026-njy ýylyň dekabryna çenli howpsuzlyk täzelenmelerine hem doly goldaw bes ediler. Şunuň bilen baglylykda, Microsoft Office-i Microsoft Store arkaly ulanýan ähli ulanyjylara “Click-to-Run” (Bas we işle) gurnama usulyna geçmegi berk maslahat berilýär. Bu usul arkaly täze aýratynlyklary we möhüm howpsuzlyk täzelenmelerini bökdençsiz alyp bilmäge mümkinçilik berer.

Microsoft 365 programmalary gurnama usulyna garamazdan daşyndan birmeňzeş görünýär we işleýär, emma olaryň içki arhitekturasy we ornaşdyrylyş usullary tapawutlanýar: • Microsoft Store arkaly gurnama (Appx görnüşi): Bu usul Windows üçin umumy (UWP) programmalara mahsus bolan izolirlenen Appx görnüşini ulanýar. Gurnama prosesi dükan arkaly ýüklenen beýleki programmalara meňzeş dolandyrylýar.

• Click-to-Run (Bas we işle): Bu usul Microsoft tarapyndan döredilen aýratyn .exe gurnama faýly arkaly amala aşyrylýar. Ol Office programmalaryny wirtual gurşawda ýerleşdirýär we ulgamyň galan böleginden izolirleýär, emma Windows hem-de Microsoft 365 hyzmatlary bilen has çuň integrasiýany üpjün edýär. Microsoft App-V tehnologiýasyna esaslanýan Click-to-Run usuly korporatiw müşderiler üçin optimizasiýa edilendir we çalt dolandyryş üçin ileri tutulýar.

“Click-to-Run” modeline geçmek arkaly Microsoft ornaşdyrma tizligine, giňeldilmäge mümkinçilik berýän gurluşa we dolandyryş mümkinçiliklerine ünsi jemläp biler. Ulanyjylar programmalary doly ýüklenmänkä ulanmagy başlap bilerler. IT dolandyryjylary täzelenme ugurlary (ýyllyk ýa-da aýlyk), telemetriýa dolandyryşyny we merkezi dolandyryşy amala aşyryp bilerler. Mundan başga-da, Microsoft dükan arkaly täzelenmeler bilen baglanyşykly gijä galmalardan gaça durup, Click-to-Run arkaly Office programmalaryna emeli aňly Copilot aýratynlyklaryny çalt integrasiýa edip biler.

Office programmalaryňyzyň haýsy usulda gurnalandygyny anyklamak üçin: Microsoft 365-iň islendik programmasyny (meselem, Word) açyň, «Faýl» menýusyna giriň, soňra «Hasap ýazgysy» bölümini saýlaň. Sag tarapda, «Programma barada» düwmesiniň ýanynda gurnama görnüşiňiz görkeziler.

Click-to-Run usulyna geçmek üçin aşakdaky ädimleri ýerine ýetiriň:

• Ähli açyk Office resminamalaryny we programmalaryny ýatda saklap ýapyň.

• Microsoft 365-i ýüklemek üçin resmi sahypasyna giriň we öz Office hasap ýazgyňyz bilen giriziň.

• Office Deployment Tool-y (ODT) ýükläň.

• Ýüklenen .exe-faýla iki gezek basyň – bu faýl Microsoft Store arkaly gurnalan wersiýany awtomatik ýok eder we onuň ýerine Click-to-Run tehnologiýasy arkaly täzeden gurnar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026