Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wnukowo we Kolsowo howa menzilleri pasport gözegçiligi üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrýarlar

Iýul 29, 2025 | 15:40 |4360
Russiýanyň Smart Engines kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen resminamalary tanamak boýunça emeli aň tehnologiýalary indi Moskwadaky Wnukowo we Ýekaterinburgdaky Kolsowo howa menzillerinde işe girizildiRussiýanyň Smart Engines kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen resminamalary tanamak boýunça emeli aň tehnologiýalary indi Moskwadaky Wnukowo we Ýekaterinburgdaky Kolsowo howa menzillerinde işe girizildi
Çeşme: hi-tech.mail.ru

Russiýanyň Smart Engines kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen resminamalary tanamak boýunça emeli aň tehnologiýalary indi Moskwadaky Wnukowo we Ýekaterinburgdaky Kolsowo howa menzillerinde işe girizildi. Bu howa menzillerinde awtomatlaşdyrylan pasport gözegçilik nokatlary peýda boldy.

Bu girizilen täzelik ýolagçylaryň barlagdan geçişini ep-esli çaltlaşdyrýar. Ýolagçy diňe pasportyny ýörite skanere golaýlaşdyrýar, we emeli aň algoritmleri resminamadaky maglumatlary tiz barlap, onuň hakykylygyny tassyklaýar. Bu tehnologiýa pasport barlagynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy bolan "Sapsan" ulgamyna integrirlenendir.

Barlag prosesi üçin Smart Engines kompaniýasynyň iki sany neýron ulgamy jogap berýär. Birinjisi — GreenOCR, ol belgileri we harplary tanamak bilen meşgullanýar: Russiýanyň halkara pasportyndan maglumatlary çykaryp, olary maglumat binýady bilen deňeşdirýär.

Ikinji neýron ulgamy — "Şerlok". Ol pasport sahypasyny görünýän, ultramelewşe we infragyzyl şöhle diapazonlarynda çuňňur seljerýär, gologrammalary we beýleki gorag elementlerini üns bilen barlaýar. “Şerlok” islendik derejedäki galplaşmalary — surat çalyşmalaryndan başlap, hatda deepfake görnüşindäki galp resminamalary hem ýüze çykarmaga ukyplydyr.

Smart Engines bellemegine görä, awtomatlaşdyrylan nokatlar diňe bir gözegçilikden geçişi çaltlandyryp, onuň aragatnaşyksyz görnüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem howpsuzlygy hem ep-esli ýokarlandyrýar. Bu ulgam hakyky däl ýa-da ýatyrylan resminamalaryň ulanylmagyna synanyşyk ýagdaýlaryny dessine ýüze çykaryp bilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026