HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lenovo ThinkBook Plus Gen 6 Rollable: Ekrany giňeldilip bilinýän noutbuk

Iýul 29, 2025 | 15:00 |3631
Lenovo şu ýylyň başynda tanyşdyrylan innowasion eplenilýän OLED ekrany bolan ThinkBook Plus Gen 6 Rollable noutbugyny satuwa çykardyLenovo şu ýylyň başynda tanyşdyrylan innowasion eplenilýän OLED ekrany bolan ThinkBook Plus Gen 6 Rollable noutbugyny satuwa çykardy
Çeşme: habr.com

Lenovo şu ýylyň başynda tanyşdyrylan innowasion eplenilýän OLED ekrany bolan ThinkBook Plus Gen 6 Rollable noutbugyny satuwa çykardy. Enjamyň başlangyç bahasy $3300-den başlanýar.

Modeliň esasy aýratynlygy — onuň dikligine giňeldilip bilýän OLED ekranydyr, ýagny ekran 14 dýuýmdan 16,7 dýuýma çenli giňeldilip we yzyna gysgalyp bilinýär. Bu diňe bir klawiaturadaky düwmäni basmak ýa-da web kamera tarap el hereketi bilen amala aşyrylýar. Öndüriji bu transformasiýanyň ekran meýdanyny takmynan 50% ýokarlandyrýandygyny, munuň bolsa resminamalar bilen işlemekde, programma düzmekde, maglumatlary seljermekde we mazmun döretmekde örän amatlydygyny belleýär. Şeýle hem ekran ýokary täzeleniş ýygylygy (120 Hz), ýagtylygy (400 nit) we DCI-P3 reňk giňişliginiň 100%-i bilen tapawutlanýar.

Jemi 19,9 mm galyňlygy we 1,7 kg agramy bilen ThinkBook Plus Gen 6 Rollable göterilmäge amatlylygy hem-de ösen aýratynlyklary özünde jemleýär. Enjamda giňeldilen ekrany doly peýdalanmaga mümkinçilik berýän ThinkBook Workspace funksiýasy bar, ol programmalara tiz girmegi üpjün edýän wijetler arkaly işleýär. Mundan başga-da, ekranyň portret görnüşi ulanyjynyň dogry duruşyny saklamagyna kömek edip, uzak wagtlap kompýuter başynda işlemekde ýüze çykýan agramy azaltmaga ýardam edýär.

Bu noutbuk Copilot+ kategoriýasyna girýär we emeli aň bilen baglanyşykly mümkinçilikleri, mysal üçin Lenovo AI Now (wezipeleri optimizirlemek we şahsylaşdyrylan maslahatlar bermek üçin) hem-de Paint Cocreator ýaly hyzmatlary özünde jemleýär. Bu AI aýratynlyklary internet birikmesi bolmazdan hem kyn meseleleri netijeli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

ThinkBook Plus Gen 6 Rollable häzirki zaman Intel Lunar Lake prosessory, Intel Arc grafik çipi, 32 GB RAM we 1 TB SSD ýat bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de ýokary tizlikli we durnukly simsiz birikmeler üçin Wi-Fi 7 we Bluetooth 5.4 goldawy bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026