HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda buraw guýularynyň dikeldilmegi meýilnamadan artyk 81 müň tonnadan gowrak nebit getirdi

Iýul 29, 2025 | 10:50 |5169
«Türkmennebit» döwlet konsernine degişli «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli abatlaýyş işleri arkaly goşmaça 81 830 tonna golaý nebitiň çykarylyşyny üpjün etdiler.«Türkmennebit» döwlet konsernine degişli «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli abatlaýyş işleri arkaly goşmaça 81 830 tonna golaý nebitiň çykarylyşyny üpjün etdiler.
Çeşme: oilgas.gov.tm

«Türkmennebit» döwlet konsernine degişli «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli abatlaýyş işleri arkaly goşmaça 81 830 tonna golaý nebitiň çykarylyşyny üpjün etdiler.

Trestde habar berlişine görä, bu görkeziji ýylyň birinji ýarymy üçin meýilnamanyň 141 göterimine deň boldy. Bu görkeziji, esasanam, “Gamyşlyja” guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň işgärleriniň goşandy bilen gazanyldy. Bu bölümiň hünärmenleri bellenilen meýilnamadan 24 müň tonnadan gowrak nebitiň çykarylmagyny üpjün etdiler. Bu ýerde 32 guýy düýpli abatlandy, olaryň 24-si gaýtadan ulanyşa girizildi.

1

Umuman, hasabat döwri boýunça trestiň desgalarynda 199 guýy üçin niýetlenen meýilnamadan 217 guýy düýpli abatlandy diýip, kompaniýada bellediler. Bu işler trestiň awtoulag we ýöriteleşdirilen müdirlikleriniň tehnikalary arkaly ýerine ýetirildi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, az öndürýän we durzan guýulary dikeltmek ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça netijeli çäreleriň biridir. Balkan welaýaty bolsa, Türkmenistanda nebitiň çykarylýan esasy sebitleriniň biri bolmagynda galýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026