HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahaty üçin telekommunikasiýa infrastrukturasy üpjün edildi

Iýul 29, 2025 | 11:00 |4331
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmek bilen bagly telekommunikasiýa infrastrukturasynyň taýýarlygy tamamlandy.«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmek bilen bagly telekommunikasiýa infrastrukturasynyň taýýarlygy tamamlandy.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmek bilen bagly telekommunikasiýa infrastrukturasynyň taýýarlygy tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde habar berildi.

Ministrligiň maglumatlaryna görä, «Awaza» toplumynda, oňa ýanaşyk desgalarda hem-de Türkmenbaşy halkara howa menzilinde Wi-Fi ulgamlary, 4G+ mobil internet ulgamy işe girizildi, häzirki zaman audio ulgamlary ornaşdyryldy. Forumyň resmi sahypasynyň we korporatiw elektron poçtasynyň işlemegi üçin serwer toplumlary guruldy.

1

Durnukly Internet birikmesini üpjün etmek üçin halkara kärende ugurlary giňeldildi we olaryň ätiýaçlyk görnüşi döredildi. Maslahata gatnaşyjylar ýokary tizlikli aragatnaşyk we sanly hyzmatlardan peýdalanyp bilerler, şol sanda «Altyn Asyr» milli operatorynyň SIM-kartlaryny we eSIM hyzmatyny ýörite döredilen hyzmat nokatlarynda satyn alyp bilerler.

«Awaza» zolagyndaky myhmanhanalarda optiki süýmli we içerki kabel liniýalary çekildi, Wi-Fi hyzmaty, şeýle hem 200-den gowrak teleýaýlymy öz içine alýan «ÄlemTV» hyzmaty elýeterlidir. Şeýle hem, foruma barýan ýoluň ugrunda sanly aragatnaşyk ulgamlary gurnaldy.

2

BMG-niň forumy Türkmenistanda 32 döwletiň wekiliýetlerini, şeýle hem ösüp barýan kiçi ada ýurtlaryň, iň az ösen ýurtlaryň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň wekillerini ýygnar. Çärä döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, BMG-niň ýokary derejeli wekilleriniň, halkara institutlaryň hem-de hökümete degişli däl guramalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mundan ozal, 9-njy iýulda, türkmen halkynyň Milli Lideri «Awaza» toplumyna baryp, halkara çäre bilen bagly taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

21:55 Iýul 21, 2026
Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

21:50 Iýul 21, 2026
Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

20:00 Iýul 21, 2026