Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Los-Anjelesde ilkinji Tesla Diner açyldy: retro-futurizm we elektromobiller üçin zarýad enjamy

Iýul 25, 2025 | 14:30 |3945
Los-Anjelesde1950-nji ýyllaryň amerikan kafeleriniň we awtokinoteatrlaryň stili bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmasy esasynda döredilen ilkinji Tesla Diner restorany açyldy.Los-Anjelesde1950-nji ýyllaryň amerikan kafeleriniň we awtokinoteatrlaryň stili bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmasy esasynda döredilen ilkinji Tesla Diner restorany açyldy.
Çeşme: Tesla

Los-Anjelesde1950-nji ýyllaryň amerikan kafeleriniň we awtokinoteatrlaryň stili bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmasy esasynda döredilen ilkinji Tesla Diner restorany açyldy.

Bu ýerde retro-futurizm ruhunda birnäçe täsin çözgütler hödürlenýär:

• Popkorn paýlaýyş bölüminde Optimus atly adam şekilli robot işleýär.

• Naharlar mini-kybertraklarda (kiçi kiber awtoulag görnüşinde) getirilýär.

• Awtoduralgada Supercharger V4 zarýad beriji stansiýalary gurnalan.

• Binanyň daşyndaky iki sany ullakan LED ekran doly funksional awtokinoteatr hökmünde işleýär.

1

Tesla Diner esasan Tesla elektromobilleriň eýelerine niýetlenendir. Ilon Maskyň aýtmagyna görä, awtokinoteatrdaky ses elektromobiliň ses ulgamyna gönüden-göni uýgunlaşýar, bu bolsa zarýad alýan wagty rahat ýagdaýda kino görmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, müşderiler sargytlaryny Tesla displeýleri arkaly ýerine ýetirip bilerler, şondan soň işgärler nahary göni awtoulag duralgasyna getirýärler.

Häzirki wagtda bu ilkinji Tesla Diner restorany synag taslamasy hökmünde işe girizildi. Eger bu taslama üstünlik gazansa, amerikan işewüri, inženeri we milliarderi Ilon Mask şeýle kafeleri dünýäniň iri şäherlerinde we eýýäm Supercharger stansiýalary ýerleşýän ýerlerde giňden açmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, Tehasdaky Starbase kosmodromynda hemmeler üçin açyk kafe döretmek hem meýilnamada bar.

2

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026