HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede dokma we taýýar egin-eşik boýunça Fashion Prime 8-nji halkara sergisi geçiriler

Iýul 28, 2025 | 14:45 |4272
Dokma senagatyna, taýýar egin-eşik üpjün edijilerine we tehnologiýalara bagyşlanan 8-nji Halkara Fashion Prime sergisi 2025-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Izmir şäherindäki Fuarizmir sergi merkezinde geçiriler.Dokma senagatyna, taýýar egin-eşik üpjün edijilerine we tehnologiýalara bagyşlanan 8-nji Halkara Fashion Prime sergisi 2025-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Izmir şäherindäki Fuarizmir sergi merkezinde geçiriler.
Çeşme: fashionprime.izfas.com.tr

Dokma senagatyna, taýýar egin-eşik üpjün edijilerine we tehnologiýalara bagyşlanan 8-nji Halkara Fashion Prime sergisi 2025-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Izmir şäherindäki Fuarizmir sergi merkezinde geçiriler. Çäräniň guramaçysy hökmünde İZFAŞ kompaniýasy çykyş edýär.

Sergi toý we agşamky mata öndürijilerini, dokma, ýüplük, aksessuarlar, tikinçilik enjamlary hem-de taýýar egin-eşik öndürijilerini milli we halkara alyjylar bilen birleşdirer. Çärä gatnaşmak iş gatnaşyklaryny ýola goýmak, täze bazarlara çykmak, eksporty giňeltmek we pudakdaky häzirki tendensiýalar bilen tanyşmak üçin mümkinçilik döreder.

1

Serginiň maksatly toparyna mata we ýüplük öndürijileri, egin-eşik öndürýän kompaniýalar, lomaý satyjylar, dizaýnerler, satyn alyjylar, moda brendleri, bölekleýin satyjylar, tikinçilik enjamlaryny öndürijileri we pudaklaýyn metbugat wekilleri girýär.

Fashion Prime her ýyl geçirilip, Türkiýäniň dokma pudagy üçin möhüm meýdançalaryň biri hasaplanýar. Sergi ýurduň eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge we türk önümlerini halkara bazarlarda öňe sürmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026