HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“ISO 9001: Biznesiňizi hil arkaly ösdüriň” treningine çakylyk

Iýul 28, 2025 | 14:00 |3233
Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň standartlaşdyryş we sertifikasiýa bölümi Sizi “ISO 9001: Biznesiňizi hil arkaly ösdüriň” bäş günlük treningine çagyrýarTürkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň standartlaşdyryş we sertifikasiýa bölümi Sizi “ISO 9001: Biznesiňizi hil arkaly ösdüriň” bäş günlük treningine çagyrýar
Çeşme: Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň standartlaşdyryş we sertifikasiýa bölümi

Häzirki zamanda ösýän bäsdeşlik we globallaşma şertlerinde halkara hil standartlaryna laýyklyk islendik kompaniýa üçin üstünlik gazanmagyň esasy faktoryna öwrülýär. Hil dolandyryş ulgamynyň (HDU) dünýäde öňdebaryjy standarty bolan ISO 9001:2015 ornaşdyrmak, kompaniýaňyza müşderileriň kanagatlylygyny ýokarlandyrmaga, amallaryny optimizirlemäge, çykdajylaryny azaltmaga, abraýyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önüminiň/hyzmatynyň hiliniň yzygiderli gowulaşmagyny we durnuklylygyny üpjün etmäge we hyzmatdaşlar we maýadarlar tarapyndan ynamy berkitmäge kömek eder.

Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň standartlaşdyryş we sertifikasiýa bölümi Sizi “ISO 9001: Biznesiňizi hil arkaly ösdüriň” bäş günlük treningine çagyrýar.

Treninge gatnaşyjylar kompaniýada ISO 9001:2015 standartynyň talaplaryna laýyklykda hil dolandyryş ulgamyny (HDU) netijeli ornaşdyrmak, ýöretmek we üznüksiz kämilleşdirmek üçin zerur bolan toplumlaýyn bilimleri we amaly başarnyklary alarlar.

Bu trening kompaniýalarda hili üpjün etmek we gowulandyrmak bilen baglanyşykly iş bilen meşgullanýan ýolbaşçylar we hünärmenler, şeýle hem ISO 9001: 2015 standartyna laýyklykda hil dolandyryş ulgamy barada çuňňur bilimlerini almak isleýänler üçin peýdaly bolar.

Trening netijeli we amaly bolmak üçin okuw prosessi interaktiw leksiýalary, amaly işleri, toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmalary we hünärmen bilen sorag-jogap sessiýalaryny ulanyp geçiriler.

Treningden öň, 2025-nji ýylyň awgust aýyň 15-de maglumat seminary geçiriler. Seminara gatnaşmak tölegsiz. Seminara gatnaşmak üçin hasaba almak şu baglanyşykda

Trening 2025-nji ýylyň awgust aýyň 25-29 aralygynda her gün sagat 10:00-dan 13:00-a çenli geçiriler. Treninge gatnaşmak üçin her gatnaşyjy üçin tölegiň möçberi 650 manat.

Treninge gatnaşmak üçin onlaýn formany doldurmaly

Seminar we trening Aşgabatda geçiriler. Takyk ýerleri hasaba alnan gatnaşyjylara habar beriler.

Seminar we trening bilen baglanyşykly ähli soraglar boýunça şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 64 19 86 68, +993 61 00 57 53

Hil ösüşe ýoldyr: treninge gatnaşyň we ISO 9001:2015 bilen biznesiňizi ösdüriň!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026