HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Osaka şäherinde Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi

Iýul 28, 2025 | 13:07 |4380
Ýaponiýanyñ Osaka şäherinde geçirilýän "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisiniň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildiÝaponiýanyñ Osaka şäherinde geçirilýän "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisiniň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi
Çeşme: japan.tmembassy.gov.tm

Ýaponiýanyñ Osaka şäherinde geçirilýän "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisiniň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň geçirilmegi, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaslygyñ ösdürilmegi, söwda gatnaşyklarynyñ giñeldilmegi we täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.

ЭКСПО-2025.jpg

Maslahatyñ esasy maksady, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaslygy pugtalandyrmak, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini giñeltmek, ýokary tehnologiýalar we innowasiýa ulgamlary boýunça özara teklipleri we çözgütleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Seýle hem, ýapon işewürleri üçin türkmen bazarynda täze mümkinçilikleriň açylmagy, Türkmenistanyñ işewürlerine bolsa ýapon tehnologiýalaryndan peýdalanmak we täze innowasion taslamalaryň üstünde işlemek üçin mümkinçilikler barada pikir alysyldy.

ЭКСПО-2025.jpg

Gepleşikler, söwda, sanly ykdysadyýet, innowasiýa, energetika we ulag ulgamlary boýunça işewürleriň arasyndaky hyzmatdaslygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

ЭКСПО-2025.jpg

Işewürler maslahaty diñe iki ýurduñ ykdysady hyzmatdaglygynyň ösüşi üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygyñ güýçlendirilmegi üçin möhüm ädimdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026