Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Şu hepde Hytaýda: Bäş esasy waka

Iýul 26, 2025 | 12:19 |3153
Pekinden hepdelik syn – iň wajyp wakalar (2025-nji ýylyň 19–25-nji iýuly)Pekinden hepdelik syn – iň wajyp wakalar (2025-nji ýylyň 19–25-nji iýuly)
Çeşme: substack.com

Pekinden hepdelik syn – iň wajyp wakalar (2025-nji ýylyň 19–25-nji iýuly)

1. Diplomatiýanyň 50 ýyllygy: Hytaý bilen ÝB Pekinde ýubileý sammitini geçirdi

24-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýeni kabul etdi. Olar Pekinde geçirilen 25-nji “Hytaý – ÝB” sammitine gatnaşdylar. Bu duşuşyk Hytaý bilen ÝB-niň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygyna gabat geldi. Gepleşikleriň netijesinde taraplar seýrek duş gelýän elementleriň eksporty boýunça täze guralyny döretmek we Pariž ylalaşygynyň çäginde howanyň üýtgemegine garşy bilelikde çäre görmek barada ylalaşdylar.

2. Hytaý Hindistana zyýan ýetirmezden dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasyny gurýar

19-njy iýulda Ýarlung Tsangpo derýasynyň aşaky akymynda dünýäniň iň iri gidroenergetiki taslamasynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslama bäş sany kaskadly GES-i öz içine alýar we 1,2 trillion ýuana (167,8 milliard dollar) düşer. Bu möçberi bilen ol meşhur “Üç jülge” bendinden hem öňe geçer. Hytaý tarapyndan bellenilmegine görä, bu taslama Hindistana ýa-da Bangladeşe zyýan ýetirmez. Bu barada hytaý diplomaty Wan Leýiň hindi metbugatynda çap edilen makalasynda hem aýratyn nygtalýar.

3. Hytaý bilen ABŞ söwda gepleşikleriniň üçünji tapgyryna taýynlanýar – wagt gysgalýar

27–30-njy iýul aralygynda Şwesiýada hytaý-amerikan söwda-ykdysady gepleşikleriniň üçünji tapgyry geçiriler. Hytaý wekiliýetine wise-premýer He Lifen ýolbaşçylyk eder. Gepleşikleriň maksady – 12-nji awgustda möhleti gutarýan özara salgytlaryň togtadylmagy baradaky ylalaşygyň möhletini uzaltmak. Syýasy we ykdysady töwekgelçiliklere garamazdan, Hytaýda işleýän amerikan kompaniýalarynyň 82%-i peýda getirýär diýip, Amerikan-Hytaý söwda geňeşiniň maglumatlarynda bellenilýär.

4. Haýnan adasy dekabrda dünýäniň iň uly erkin portuna öwrüler

23-nji iýulda Hytaý hökümeti 2025-nji ýylyň 18-nji dekabryndan başlap, Haýnan adasynda doly gümrük garaşsyzlygynyň güýje girjekdigini yglan etdi. Bu çäre sebitde dünýäniň iň uly erkin söwda portuny döretmäge gönükdirilendir. Görüljek çäreleriň hatarynda: nyrhsyz harytlaryň paýyny 21%-den 74%-e çenli artdyrmak, 85 döwletiň raýatlary üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek we uly göwrümli salgyt ýeňillikleri bar. Haýnan köplenç “Hytaýyň Gawaýi” diýlip atlandyrylýar.

5. Şanhaýda howa hereketi tehnologiýalary sergisinde rekord geleşik baglaşyldy

Şanhaýda geçirilen ilkinji Halkara Howa Hereketi Tehnologiýalary Sergisinde dünýäniň 19 täze önümi we Hytaýyň 25 täze ösüşi görkezildi. “Pes derejeli ykdysadyýeti” ösdürmäge gönükdirilen bu sergi Hytaýda bu ugurda iň iri geleşiginiň baglaşylan ýerine öwrüldi: Tailandyň “Pan Pacific” kompaniýasy Şanhaýyň “Volant Aerotech” kompaniýasy bilen 1,75 milliard dollarlyk aero-taksi satyn almak boýunça şertnama gol çekdi. Bu şertnama Hytaýyň aero-ulgamyndaky iň uly ylalaşygy boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026