HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini gözden geçirdi: Akylly köprülerden täze metjide çenli

Iýul 27, 2025 | 20:30 |4034
26-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahaty guramasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynyň we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy26-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahaty guramasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynyň we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy
Çeşme: orient.tm

26-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahaty guramasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynyň we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ulanylýan serişdeleriň hiline, desgalaryň tebigylygyna we gurluşygyň ikinji tapgyryndaky taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdi.

Gökdepe şaýolundaky köpri: Şekillerden seýsmiki durnuklylyga çenli

Gurluşyklaryň ýagdaýy bilen tanyşlyk işleri Gökdepe şaýolundaky döwrebap köpzolakly köpride başlady. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpriniň bezeg işleribilen tanyşdy. Bu künjegiň ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri olaryň aýartyn ähmiýetini nygtady we desgalaryň bezeginde “behişti” bedewleriň şekilleriniň ýerleşdirili barada öz maslahatlaryny berdi.

Jaýlaryň üçekleriniň örtükleri we beton raýyşlary üçin ýerli serişdeler görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň belleýşi ýaly bu serişdeler dolylygyna importyň ornuny tutýar.

Derýageldi Orazow şeýle hem Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bu ýerleriň seýsmiki ýagdaýyny ylmy esasda öwrenendiklerini aýtdy. Şunda ýeriň dykyzlygyna, topragyň özboluşly aýratynlyklaryna, howa şertlerine möhüm ähmiýet berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow, ähli gurluşyk serişdeleri ýokary hilli halkara standartlaryna laýyk gelmelidigini, göze gelüwli we ýerli howa şertlerine çydamly bolmalydygyny, daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmelidigini nygtady.

Toplumlaýyn ösüş: Ýollardan durmuş maksatly klasterine çenli

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde meýilleşdirilen desgalaryň bezeg taslamalary şol sanda täze durmuş we önümçilik maksatly binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol-ulag düzüminiň enjamlaşdyrylyşyna, şol sanda ýol belgileriniň talabalaýyk bolmagyna, bu ýoldan geçýän ýük ulaglarynyň kada laýyk derejede kesgitlenmegine möhüm üns berilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow köpzolakly köpriniň gurluşygyny türkmen telekeçileriň amala aşyrandyklaryny belläp, ýerli telekeçileriniň giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýändiklerini we olaryň bu babatda baý tejribe toplaýandyklaryny aýratyn nygtady.

Şu ýylyň mart aýynynda açylan Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň önümlerini gurluşykda ulanmak baradaky teklip beýan edildi. Bu bolsa şähergurluşyk işinde ýokary hilli ýerli serişdeleri ulanmaga bolan islegi görkezýär.

Däp-dessurlary we geljegi bolan şäher

Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, şol sanda lukmançylyk klasteri we gurluşyk seişdeleriniň hili ara alnyp maslahatlaşyldy. Gülşat Mämmedowa köpzolakly awtomobil köprüsiniň açylmagyna ak pata berendigi üçin täze şäheriň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.

Iş saparyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy çalt depginde gurulýan beýleki desgalaryň, esasanam şäheriň metjidiniň hem gurluşygy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri metjidiň gurluşygy halkyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny görkezýändigini belledi. Bu taslamalar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäginde uzak geljegi nazarlaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026