HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI ChatGPT hyzmatynyň ulanylyşy boýunça täsirli statistikalary berýär

Iýul 27, 2025 | 13:55 |6476
Her gün ChatGPT takmynan 2,5 milliard soraga jogap berýär. Şolaryň takmynan 330 milliony Amerikanyň ulanyjylaryndan gelip gowuşýarHer gün ChatGPT takmynan 2,5 milliard soraga jogap berýär. Şolaryň takmynan 330 milliony Amerikanyň ulanyjylaryndan gelip gowuşýar
Çeşme: chas.news

OpenAI-nyň baş direktory Sem Altman, ABŞ-nyň Federal Rezerw ulgamynyň maslahatynda ChatGPT hyzmatynyň meşhurlygynyň çalt ösüşine degişli maglumatlary bilen paýlaşdy. Žurnalistlerde bar bolan statistika dünýäniň dürli künjeginden ulanyjylaryň bu emeli aň hyzmaty bilen nähili işjeň gatnaşyýandygyny görkezýär.

Her gün ChatGPT takmynan 2,5 milliard soraga jogap berýär. Şolaryň takmynan 330 milliony Amerikanyň ulanyjylaryndan gelip gowuşýar, bu bolsa ABŞ-nyň kompaniýanyň iň uly bazarynyň biridigini görkezýär.

2025-nji ýylda ChatGPT-niň gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany 500 million adama ýetdi. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda bu görkeziji diňe 300 milliondy, bu bolsa ep-esli ösüşi görkezýär. Ulanyjylaryň köpüsi diýen ýaly hyzmatyň mugt wersiýasyna isleg bildirýär.

Mysal hökmünde Google her gün 13,6 milliard gözleg soragyna jogap berýär. Bilermenleriň pikiriçe, eger-de OpenAI öz brauzerini işläp çykaran ýagdaýynda, kompaniýa bu görkeziji boýunça Google bilen deňeşip biler, hatda ony geçmegi-de mümkin. Şeýle brauzer barada käbir maglumatlar bar, emma häzirlikçe OpenAI tarapyndan resmi tassyklama ýok.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026