HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýaşlar orkestri: Wenada ajaýyp çykyşlar we festiwaly açmak hormaty

Iýul 26, 2025 | 19:30 |4300
2025-nji ýylyň 23-26-njy iýuly aralygynda Awstriýanyň paýtagty Wenada Bütindünýä orkestr festiwaly geçirilýär2025-nji ýylyň 23-26-njy iýuly aralygynda Awstriýanyň paýtagty Wenada Bütindünýä orkestr festiwaly geçirilýär
Çeşme: Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 23-26-njy iýuly aralygynda Awstriýanyň paýtagty Wenada Bütindünýä orkestr festiwaly geçirilýär. Şu ýyl bu abraýly döredijilik forumy dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň orkestrlerini birleşdirdi. Festiwaly açmak ýaly uly hormat bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestrine miýesser etdi.

1

23-nji iýulda meşhur Wena şäher häkimýetiniň binasynda geçirilen açylyş dabarasynda türkmen orkestri çykyş etdi. Bu döredijilik topary bu derejä 2024-nji ýylda, "Kamera orkestri" ugry boýunça altyn baýragy gazanyp, tomaşaçylaryň hem-de emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolany üçin çagyryldy.

2025-nji ýyl üçin taýýarlan konsert maksatnamasynyň çäklerinde orkestr Frans Şubertiň eserini ýerine ýetirdi we halkara sahnasynda ýene-de bir gezek ýokary hünär derejesini hem-de täsirli ýerine ýetiriş ussatlygyny görkezdi.

2

Türkmenistanyň ýaşlar kamera orkestri bu festiwala ilkinji gezek geçen ýylda gatnaşdy, emma şondan bäri abraýly halkara çäräniň görnükli wekili hökmünde özüniň ornuny tapmagy başardy. Onuň gazanan üstünlikleri Türkmenistanyň baý aýdym-saz medeniýetine we ýaş ýerine ýetirijileriniň ýokary derejesine dünýäniň artýan hormat-sarpasyny görkezýär. Şu ýylky festiwal maksatnamasyna konsertler, bäsleşikler we ussatlyk sapaklary hem girýär. Bu çäreleriň jemleýji pursady bolsa, uly dabaraly konsert bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026