HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze Samsung Galaxy Z Fold7 we Z Flip7 Günorta Koreýada öňünden sargyt rekordlaryny goýdy

Iýul 26, 2025 | 18:45 |9740
Iýul aýynyň başynda tanyşdyrylan iň täze eplenilýän akylly telefonlar — Samsung Galaxy Z Fold7 we Z Flip7 Günorta Koreýada uly meşhurlyga eýe boldy.Iýul aýynyň başynda tanyşdyrylan iň täze eplenilýän akylly telefonlar — Samsung Galaxy Z Fold7 we Z Flip7 Günorta Koreýada uly meşhurlyga eýe boldy.
Çeşme: Samsung

Iýul aýynyň başynda tanyşdyrylan iň täze eplenilýän akylly telefonlar — Samsung Galaxy Z Fold7 we Z Flip7 Günorta Koreýada uly meşhurlyga eýe boldy. Samsung bu modeller boýunça içerki bazarda 1,04 milliondan gowrak öňünden sargyt aldy.

Bu görkeziji Galaxy Z Fold5 we Z Flip5 üçin öňki rekordy (1,02 million sargyt) birneme geçýär we Galaxy Z Fold6 hem-de Z Flip6 modelleriniň (910 müň sargyt) görkezijisinden ep-esli ýokarydyr.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, täze eplenilýän enjamlar boýunça ähli öňünden sargytlaryň 60%-i Galaxy Z Fold7 modeline degişli. Bu modeliň Günorta Koreýadaky bahasy 2 379 300 won bolup, bu takmynan 1715 amerikan dollaryna deňdir. Ilkinji gezek Galaxy Z Fold modeli sargyt sany boýunça Galaxy Z Flip modelinden öňe geçdi.

Täze smartfonlara öňünden sargyt etmek döwri Günorta Koreýada 28-nji iýulda tamamlanar, açyk satuwlar bolsa 29-njy iýulda başlar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026