HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saglygyňy berkitmek üçin günde näçe ädim geçmeli? Görnüşi ýaly, 10 müň däl

Iýul 26, 2025 | 12:37 |3196
Täze geçirilen barlaglaryň netijesi, günde belli bir mukdarda ädim geçmegiň ýürek-damar keselleriniň, II dereje diabetiň we beýleki saglyk meseleleriň töwekgelçiligini peseldýändigini görkezdi.Täze geçirilen barlaglaryň netijesi, günde belli bir mukdarda ädim geçmegiň ýürek-damar keselleriniň, II dereje diabetiň we beýleki saglyk meseleleriň töwekgelçiligini peseldýändigini görkezdi.
Çeşme: ktrk.kg

Täze geçirilen barlaglaryň netijesi, günde belli bir mukdarda ädim geçmegiň ýürek-damar keselleriniň, II dereje diabetiň we beýleki saglyk meseleleriň töwekgelçiligini peseldýändigini görkezdi. Bu indi sagdyn durmuş ýörelgesiniň şygaryna öwrüldi: ädim, ýene-de ädim. Günde 10 müň ädim geçmek bu ýokary derejedir.

Emma saglyk üçin hakyky peýdany aljak bolsaň, günde näçe ädim geçmeli? We pyýada gezmek adam bedenine nähili täsir edýär?

Täze barlaglar saglyk üçin peýdaly sanynyň takmynan 7 000 ädimdigini görkezýär. Şu mukdarda ädim geçmek, demensiýa, ýürek keselleri, depressiýa, II derejeli diabet we rak keseli ýaly keselleriň döremeginiň töwekgelçiliginiň ep-esli derejede peselmegi bilen baglanyşyklydyr. The Lancet Public Health žurnalynda neşir edilen barlagyň netijelerine görä, bu täsirler dürli-dürli bolup, mysal üçin, rak keseline ýolukma töwekgelçiligi 6% peselýär, demensiýa bolsa 38% peselýär.

Günde 7 000 ädim geçmek, esasanam garry adamlar üçin howply bolan ýykylmalaryň töwekgelçiligini hem 28% azaldýar. Alnan netijeler “günde 10 müň ädim geçmegiň saglyk üçin hökmany maksat bolmalydygy baradaky rowaýatlary puja çykarýar” diýip, bu barlaglara gatnaşmadyk Londonyň Brunel Uniwersitetiniň az hereketli durmuş we saglyk boýunça hünärmeni doktor Daniel Beýli belledi.

Bu barlagyň netijeleri ýürek saglygy üçin ýöremegiň peýdalydygyndan habarly adamlar üçin geň zat däl. Çalt ýöremek ýürek urgusyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygy gowulandyrýar, gan basyşyny peseldýär we adamlara agramyny azaltmagyna kömek edip biler.

Emma bu täze seljerme, halkara alymlar toparynyň ýöremek bilen birnäçe saglyk meseleleriniň öňüni alyş gatnaşyklaryny ilkinji gezek giň gerimde öwrenen işi bolup durýar.

Ýöremegiň peýdalary

Alymlar bu seljerme üçin 31 dürli barlagdan alnan 160 müňden gowrak adamyň maglumatlaryny gözden geçirdiler.

Netijede, günde takmynan 4 000 ädim edýän adamlaryň, bary-ýogy 2 000 ädim edýän, az hereketli durmuş alyp barýan adamlara garanyňda saglyk görkezijileriniň has gowy bolandygyny ýüze çykardylar.

Adamlar näçe köp ýöreseler, esasan hem ýürek keselleri bilen baglanyşykly görkezijiler şonça-da gowulaşdy. Ýöne beýleki saglyk görkeziji babatda peýdalaryň, barlagyň netijesine görä, takmynan günde 7 000 ädimden soň artmandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026