HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde Aşgabat halkara çärelerini kabul eder

Iýul 27, 2025 | 00:30 |4714
25-nji iýul, anna güni Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi25-nji iýul, anna güni Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
Çeşme: orient.tm

25-nji iýul, anna güni Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Tassyklanan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde birnäçe uly göwrümli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda – SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” Aşgabatda guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutany halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň strategiki ähmiýetine ünsi çekdi we türkmen paýtagtynda öňde boljak wakalar üçin ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

ORIENT

Tema boýunça

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada SPECA-nyň ministrler duşuşygyna we UNECE-iň 71-nji mejlisine gatnaşdy

Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde çäreleriň meýilnamasy hödürlendi

Türkmenistan 2025-nji ýylda SPECA-niň başlyklygyny kabul edip biler

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026