HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

C++ Zero Cost Conf: C++ dilinde ýazýanlar we netijeliligiň gymmatyny bilýänler üçin maslahat

Iýul 24, 2025 | 17:20 |4362
2-nji awgustda C++ Zero Cost Conf maslahaty geçiriler. Ol C++ dilinde programmanyň içerki böleginiň netijeli işläp taýýarlanylmagyna we pes derejeli böleklere bagyşlanar2-nji awgustda C++ Zero Cost Conf maslahaty geçiriler. Ol C++ dilinde programmanyň içerki böleginiň netijeli işläp taýýarlanylmagyna we pes derejeli böleklere bagyşlanar
Çeşme: events.yandex.com

2-nji awgustda C++ Zero Cost Conf maslahaty geçiriler. Ol C++ dilinde programmanyň içerki böleginiň netijeli işläp taýýarlanylmagyna we pes derejeli böleklere bagyşlanar. Çäre öz ulgamlarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga isleýän işläp taýýarlaýjylar üçin niýetlenendir.

Maslahat birbada üç şäherde geçirilip, dürli gatnaşmak formatlaryny hödürlär:

• Moskwa: oflaýn we onlaýn

• Belgrad: oflaýn we onlaýn

• Sankt-Peterburg: goşmaça çäreler bilen oflaýn görnüşinde

Maslahatda size näme garaşýar?

Meşhur kompaniýalarynyň tejribeli inženerleri hakyky iş meselelerini nähili çözýändikleri barada hem-de programmalarynyň “abstraksiýanyň nol gymmatlylygy” bilen işleýiş usuly barada gürrüň bererler. Bu diýmek, olar kodlaryň çylşyrymly bölekleri işi peseltmez ýaly olaryň ýazylşyny düşündirerler. Size köpsanly amaly mysllar we anyk sanlar garaşýar.

Esasy çykyş ediljek temalar:

• Ýat aliasingi: onuň öndürijilige ýetirýän täsiri we ony goldamagyň kynçylyklary.

• C++20 moduller: uly taslamalarda täze dil mümkinçilikleriniň amaly taýdan ornaşdyrylmagy.

• Hardening: kody goraýyş serişdeleri we olaryň ösüşi.

• std:simd abstraksiýa bahalary: dürli arhitekturalarda (x86 we ARM) köpugurly SIMD-kodynyň özüni alyp barmagyň seljerilmegi.

• Baglylygy dolandyrmak: CMake-da, Meson-da, Conan-da, vcpkg-da we beýleki ulgamlarda kitaphanalar we gurallar bilen işlemegiň düşündirilmegi.

• Performance Puzzlers: bilermen Sergeý Slotin bilen öndürijilik boýunça adaty däl meseleleriň çözülşi.

Amaly workşop we beýleki çäreler:

Maslahatda Preforator guraly boýunça amaly workşop geçiriler. Bu Ýandeksiň öz hyzmatlarynyň öndürijiligini hemişe seljermek üçin ulanýan ýörite ulgamydyr. Öz programmaňyzda “bottlenecks” tapmak üçin onuň ulanylşy görkeziler.

Şeýle hem, CaseLab interaktiw sessiýasyna gatnaşyp bolar. Ol ýerde siz topar bolup programmalaryň ygtybarlygyny ýokarlandyrmak boýunça hakyky meseleleri çözüp bilersiňiz. Elbetde, C++ dilinde kod-golfy bolar – bu gyzykly bäsleşik bolup, onda az nyşanlary ulanmak bilen, işleýän kody ýazmaly.

Esasy maksatnamadan soňra, gatnaşyjylara maslahatdan soňky çäre garaşýar – resmi däl aragatnaşyk üçin agşam çäresi.

Giňişleýin maglumat we hasaba alnyşyk maslahatyň sahypasynda elýeterlidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026