HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daniýa Magne atly iň güýçli kwant kompýuterini döretmekçi

Iýul 24, 2025 | 14:35 |4085
Daniýa Magne atly dünýäniň iň güýçli kwant kompýuterini döretmegi meýilleşdirýär. QuNorth ady bilen tanalýan bu gerimli başlangyç Daniýanyň EIFO we Novo Nordisk Foundation gaznalaryndan 80 mln ýewro möçberinde maliýeleşdirmesini aldyDaniýa Magne atly dünýäniň iň güýçli kwant kompýuterini döretmegi meýilleşdirýär. QuNorth ady bilen tanalýan bu gerimli başlangyç Daniýanyň EIFO we Novo Nordisk Foundation gaznalaryndan 80 mln ýewro möçberinde maliýeleşdirmesini aldy
Çeşme: Microsoft

Daniýa Magne atly dünýäniň iň güýçli kwant kompýuterini döretmegi meýilleşdirýär. QuNorth ady bilen tanalýan bu gerimli başlangyç Daniýanyň EIFO we Novo Nordisk Foundation gaznalaryndan 80 mln ýewro möçberinde maliýeleşdirmesini aldy. Taslamanyň esasy maksady – Skandinawiýada ýalňyşlyklary netijeli düzetmäge ukyply bolan ilkinji “ikinji derejeli kwant ulgamyny” işe girizmek.

Magne-niň işläp düzülmegi bilen Amerikanyň Microsoft we Atom Computing tehnologiýa kompaniýalary meşgullanar. Kompýuter Microsoft-yň Azure Quantum programma stegini we Atom Computing kompaniýasynyň bitarap atom tehnologiýalaryna esaslanýan enjam üpjünçiligini ulanar. Magne-niň 50 golaý logiki kubitlerden we 1200-den gowrak fiziki kubitlerden düzüljekdigine garaşylýar. Munuň özi oňa bir ulgamda fiziki we logiki kubitleriň ulanyş sany boýunça bar bolan dünýä rekordlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Kubitler bu kwant kompýuterlerdäki esasy maglumat birlikleridir. Fiziki kubitler durnuksyz bolany sebäpli olary düzetmek üçin logiki kubitler döredilýär. Olar “wirtual” birlikler bolup, birnäçe fiziki kubitleri birleşdirýär. “Ikinji derejeli” ýalňyşlyk düzediş ulgamlary kwant artykmaçlygyna tarap möhüm ädim hasaplanylýar. Munuň özünde kwant kompýuterler nusgawy modellerden tapawutlylykda belli meseleleri has çalt çözüp bilerler.

Magne-niň gurluşygynyň 2025-nji ýylyň güýzünde başlanmagy meýilleşdirilýär, 2026-njy ýylyň ahyrynda bolsa ol işe girizerler. Kompýuter Kopengagende ýerleşdiriler we Daniýa degişli bolar. Taslama derman serişdeleriniň işläp taýýarlanylmagy we howanyň modelirlemegi ýaly ugurlarda özgeriş döredip biljek kwant tehnologiýalarynyň ösüşinde ABŞ-den we Hytaýdan yzagalaklylygy azaltmaga isleýän Ýewropa üçin möhüm ädimdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026