HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Windows 11 sesi birbada birnäçe enjamlara çykarmak üçin täze funksiýa bilen üpjün ediler

Iýul 24, 2025 | 16:30 |5161
Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin möhüm täzelenişi taýýarlaýar: operasion ulgamda sesi birbada birnäçe enjamlara çykarmaga mümkinçilik berýän gurnalan funksiýa peýda bolarMicrosoft kompaniýasy Windows 11 üçin möhüm täzelenişi taýýarlaýar: operasion ulgamda sesi birbada birnäçe enjamlara çykarmaga mümkinçilik berýän gurnalan funksiýa peýda bolar
Çeşme: Microsoft

Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin möhüm täzelenişi taýýarlaýar: operasion ulgamda sesi birbada birnäçe enjamlara çykarmaga mümkinçilik berýän gurnalan funksiýa peýda bolar. Häzirki wagtda bu işi amala aşyrmak üçin goşmaça programmalar zerur bolup durýar, emma ýakyn wagtda ulanyjylar onsuz hem oňşup bilerler.

@phantomofearth içerki çeşme Windows 11 modeliniň soňky synag gurnamalaryndaky çalt sazlamalarynda gizlin geçirijini tapdy. Ol bary-ýogy bir-iki gezek düwmä basmak bilen, iki ýa-da ondan köp elýeterli enjamlarda sesi paýlaşmaga mümkinçilik berer. Munuň üçin Dolandyryş merkezinde “Umumy ses” opsiýasyny saýlap, gerekli enjamlary saýlap alyp, “Paýlaşmak” düwmesine basmak ýeterli bolar.

Bu funksiýa barada entek resmi taýdan habar berilmedi. Emma onuň ýakyn wagtda Windows 11-iň deslapky gurnamalarynda peýda bolmagyna garaşylýar. Bu üýtgeşme operasion ulgamynyň ulanylşyny sesi birbada nauşnikler we kolonkalar arkaly çykarmak isleýänler üçin has amatly eder.


Microsoft ulanyjylaryň seslenmelerine işjeň täsir edýär. Mysal üçin, öňüräk kompaniýa eýýäm ýaramaz seslenmeleriň netijesinde ýakynda ýumuşlar paneline girizilen üýtgeşmelerinden ýüz öwürdi. Şeýle hem, Outlook üçin täzelenişleriň girizilmegi ýatyryldy. Bu täzeleniş Windows 11-däki programmalarynda senenama oflaýn-funksiýasynyň goldanylmagyndan ybaratdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026