HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Google Pixel 10: täze reňkler we teleoýbektiwli güýçli kamera

Iýul 24, 2025 | 15:00 |3926
Meşhur Android Headlines neşiri Google-iň geljekki flagman smartfony bolan Pixel 10 modeliniň ýokary hilli kompýuter suratlaryny neşir etdiMeşhur Android Headlines neşiri Google-iň geljekki flagman smartfony bolan Pixel 10 modeliniň ýokary hilli kompýuter suratlaryny neşir etdi
Çeşme: Android Headlines

Meşhur Android Headlines neşiri Google-iň geljekki flagman smartfony bolan Pixel 10 modeliniň ýokary hilli kompýuter suratlaryny neşir etdi. Telefon dört reňkde elýeterli bolar: eýýäm meşhur bolan gara reňkde (Obsidian) we üç düýbünden täze reňkde – garamtyl gök (Indigo), açyk gök (Frost) we limon sary (Limoncello) reňklerde çykarylar.

Öňki Pixel 9 modeli bilen tapawutlylykda, Pixel 10 has uzyn blokly kämil kamera bilen üpjün ediler. Ilkinji gezek baza görnüşinde teleobýektiwli goşmaça modul peýda bolar. Ozal ol diňe has gymmat Pro-modellerinde elýeterlidi. Kamera datçikleriniň mümkinçilikleri 48, 12 we 10,8 megapikseldir.

Deslapky maglumatlara görä, Pixel 10 aýdyň OLED-displeý bilen enjamlaşdyrylyp, onuň diagonaly 6,3 dýuým bolar. Ekran şekilleri we suratlary Full HD+ ýokary mümkinçilikli ýagdaýda şöhlelendirer. 120 Gs ýygylygy sebäpli suratlaryň görkezilip durmagy akgynly bolar. Onuň ýokary ýagtylygy 3000 kd/m2 bolup, displeýi bolsa Corning Gorilla Glass Victus 2 berk aýna gorar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026