HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sharp wirtual hakykatda duýmak duýgusyny berýän VR-ellikleri hödürledi

Iýul 23, 2025 | 16:35 |4766
Sharp ýapon kompaniýasy, ulanyjylara wirtual obýektleri duýmak duýgysyny berýän taktil VR-ellikleriniň üstünde işleýändigini habar berdi. Bu enjamyň toplumynyň takmynan bahasy 100 müň ýen bolar diýip çaklanylýar.Sharp ýapon kompaniýasy, ulanyjylara wirtual obýektleri duýmak duýgysyny berýän taktil VR-ellikleriniň üstünde işleýändigini habar berdi. Bu enjamyň toplumynyň takmynan bahasy 100 müň ýen bolar diýip çaklanylýar.
Çeşme: hapticcontroller

Sharp ýapon kompaniýasy, ulanyjylara wirtual obýektleri duýmak duýgysyny berýän taktil VR-ellikleriniň üstünde işleýändigini habar berdi. Bu enjamyň toplumynyň takmynan bahasy 100 müň ýen bolar diýip çaklanylýar.

Bu ellikleriň esasy aýratynlygy – her barmaga gurlan kiçijik wibrasiýa motorjyklarydyr. Şol motorlaryň kömegi bilen enjam diňe bir duýmak duýgysyny gaýtalamaýar, eýsem wirtual predmetleriň teksturasy baradaky duýgyny hem bermäge synanyşýar.

Wirtual hakykatda ulanmak üçin has amatly bolmagy maksady bilen, elligiň baş barmagynyň aşagynda düwmeler we joýstik ýerleşdirilen. Olar arkaly oýunlary dolandyrmak we programmalaryň menýularyna geçmek bolýar. Öndüriji kompaniýanyň bellemegine görä, bu ellikler ýeňil geýilýär we çykarylýar – bu hem ulanyjylara klawiatura we syçanjyk bilen VR oýna tiz geçmegi aňsatlaşdyrýar.

Ýöne Sharp kompaniýasy bu enjamy bazara çykarmak barada entek gutarnykly karar kabul edenok. Mümkin, bu taslama soňrak ýatyrylyp hem bilner.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026