HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýrandaky Sarahs demir ýol terminalynyň gurluşygynyň 60%-i tamamlandy

Iýul 24, 2025 | 10:33 |4659
Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitinde, Horasan-Rezawi welaýatynyň Sarahs şäherinde gurulýan demir ýol terminalynyň gurluşygynyň 60%-i tamamlandy.Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitinde, Horasan-Rezawi welaýatynyň Sarahs şäherinde gurulýan demir ýol terminalynyň gurluşygynyň 60%-i tamamlandy.
Çeşme: trend.az

Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitinde, Horasan-Rezawi welaýatynyň Sarahs şäherinde gurulýan demir ýol terminalynyň gurluşygynyň 60%-i tamamlandy. Bu terminal halkara ulag geçelgeleri bolan “Demirgazyk–Günorta” we “Gündogar–Günbatar” ýolunyň çatrygynda ýerleşýär.

Bu barada Horasanyň Demir ýol müdirliginiň baş direktory Mustafa Nasiri Warag habar berdi diýip, Trend belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, Eýran bu geçelgeler boýunça konteýner daşamalarynyň möçberini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Demir ýol ulgamy arkaly Hytaýdan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýükler Eýranyň günorta portlaryna hem-de Türkiýe serhedine daşalyp bilner. Esasy üns, Hytaýdan Eýrana demir ýol arkaly getirilýän ýükleriň Sarahs terminaly arkaly dürli ugurlara ugradylmagyna gönükdirilýär.

Warag bu ulag geçelgeleriniň ösdürilmeginiň Eýranyň eksport-import amallaryna we önümleriniň daşalmagyna oňyn täsir etjekdigini aýtdy. Sarahs şäherindäki demir ýol we awtoulag serhet geçelgesi, Türkmenistan bilen serhetdeş ýerde ýerleşmek bilen, Eýranyň daşarky söwda işlerinde we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýük dolanyşygynda möhüm strategik nokatlarynyň biri hasaplanýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026