HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Firefox 141.0 neşir edildi: täze mümkinçilikler we howpsuzlygyň ýokarlandyrylmagy

Iýul 23, 2025 | 13:45 |3719
22-nji iýulda meşhur internet brauzeriň durnukly görnüşi bolan Firefox 141.0 neşir edildi. Bu täzeleniş, adaty ýaly, birnäçe täze mümkinçilikleri, gowulaşmalary we säwlikleriň düzedilmegini getirýär22-nji iýulda meşhur internet brauzeriň durnukly görnüşi bolan Firefox 141.0 neşir edildi. Bu täzeleniş, adaty ýaly, birnäçe täze mümkinçilikleri, gowulaşmalary we säwlikleriň düzedilmegini getirýär
Çeşme: habr.com

22-nji iýulda meşhur internet brauzeriň durnukly görnüşi bolan Firefox 141.0 neşir edildi. Bu täzeleniş, adaty ýaly, birnäçe täze mümkinçilikleri, gowulaşmalary we säwlikleriň düzedilmegini getirýär. Netijede, internet bilen işlemek has amatly we howpsuz bolýar. Firefox brauzeri Windows, Linux we macOS ulgamlary üçin elýeterlidir.

Firefox 141.0 uly bolmadyk täzeleniş bolsa-da, ol birnäçe möhüm üýtgeşmeleri öz içine alýar:

• Linux ulanýanlar üçin: Indi Firefox has az operatiw ýady (RAM) sarp eder, bu bolsa kompýuteriňiziň tiz işlemegine ýardam berer. Mundan başga-da, brauzeri täzeläniňizde, ony täzeden açmak (restart) hökman däldir.

• Emeli aň bilen akylly sahypalar: Täze funksiýa emeli aň tehnologiýasyny ulanmak arkaly sahypa toparlaryna ady awtomatiki hödürleýär. Eger siz bir wagtda birnäçe sahypa bilen işleýän bolsaňyz, bu aýratynlyk örän peýdaly bolup biler. Islegiňize görä bu aýratynlygy sazlamalarda öçürip bilersiňiz.

• Windows 11 üçin gowulaşmalar: Täze görnüşde brauzeriň penjire başyndaky düwmeleriň (kiçeltmek, giňeltmek, ýapmak) dizaýny Windows 11-iň stiline has laýyk bolýar. Şeýle-de, oýunlarda we çylşyrymly web goşundylarda grafika hilini ýokarlandyrýan WebGPU tehnologiýasynyň goldawy girizildi.

• Web sahypa döretýänler üçin täzelikler: Işläp taýýarlaýjylar üçin CHIPS atly täze maglumat dolandyryş gurallary, sahypa dolandyryş mümkinçilikleri we sahypalaryň tiz ýüklenmegi bilen bagly birnäçe gowulaşmalar girizildi. Bu sahypalaryň has durnukly we çalt işlemegine kömek eder.

• Android ulanyjylar üçin: Firefox-yň mobil görnüşinde indi web sahypalaryň siziň enjamyňyzdaky bukjalary bilen has amatly işleşmegine mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy.

Esasy 141.0 görnüşinden başga-da, uzak möhletleýin howpsuzlyk we durnuklylyk üçin niýetlenen “giňeldilen goldaw” görnüşleriniň (ESR) täzelenişleri hem çykdy: Firefox 140.1 ESR we 128.13 ESR. Bu görnüşler korporatiw ulgamlar ýaly, uly ulgam howpsuzlygyny talap edýän ýagdaýlarda peýdalanylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026