HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Parahatçylyk diplomatiýasy: Minskde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hormatyna geçirilen maslahat

Iýul 23, 2025 | 21:15 |4309
Şu gün Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy halklaryň arasynda köpri we ählumumy gymmatlyklara düşünmek üçin meýdança öwrülen möhüm çäräni geçirdiŞu gün Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy halklaryň arasynda köpri we ählumumy gymmatlyklara düşünmek üçin meýdança öwrülen möhüm çäräni geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Minsk, Belarus, 23-nji iýul | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy halklaryň arasynda köpri we ählumumy gymmatlyklara düşünmek üçin meýdança öwrülen möhüm çäräni geçirdi. 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahata görnükli diplomatlar, halkara guramalarynyň wekilleri we Minskdäki bilermenler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy.

turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (5).jpg

Bitaraplyk: diňe bir dereje däl, eýsem parahatçylygyň we ösüşiň filosofiýasy

Maslahaty açyp, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew öz çykyşynda Bitaraplygyň türkmen nusgasy barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol 30 ýylyň dowamynda bu derejäniň diňe bir ýurduň özygtyýarlylygyny we milli garaýyşlaryny berkitmän, eýsem Merkezi Aziýada we onuň daşynda durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyryp, sebitleýin dialogyň işjeň guralyna öwrülendigini aýtdy.

Ilçi Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag we ekologiýa babatdaky başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi. Ynanyşmak we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu ädimler, Türkmenistanyň ählumumy gün tertibine ygrarlydygyny tassyklaýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maksatlaryna gönüden-göni laýyk gelýär.

turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (4).jpg

Halkara goldaw sesleri: BMG we GDA Türkmenistanyň orny barada

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti halkara hyzmatdaşlar tarapyndan ýokary baha eýe boldy. BMG-niň Belarus Respublikasyndaky ýörite utgaşdyryjysy Rasul Bagirow, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki goşandyny aýratyn belläp geçdi. Dünýä derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini wagyz etmekde Bitaraplygyň özboluşlylygyna ünsi çekdi we BMG-niň Aşgabadyň başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygyny tassyklady. Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi, tagallalary birleşdirmegi talap edýän häzirki zaman çagyryşlara öz wagtynda jogap bermekdir.

23072025-turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya.jpg

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimow GDA-da durnuklylygy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetli oruna ünsi çekdi. Arkalaşygyň ykdysady, ynsanperwer we medeni ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurduň döredijilikli goşandyny görkezdi.

Medeniýet köpri hökmünde: mirasa üns bermek

Bu çäre halk diplomatiýasynyň aýdyň beýanyna öwrülen baý medeni we bilim maksatnamasy bilen sazlaşykly üstüni ýetirdi. Gatnaşanlara Ilçihana tarapyndan ýörite taýýarlanan wideo şekiller görkezilip, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde barýan ýoluny we parahatsöýüjilikli ýörlegelerini aýdyň görkezildi. Belarusda okaýan türkmen talyplary tarapyndan watançylyk aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baýramçylyk atmosferasy hasam güýçlendi. turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (15).jpg

Maksatnama, Ilçihananyň binasynda gurnalan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny görkezýän tematiki surat sergisi bilen jemlendi. Şeýle hem myhmanlar ilçihananyň galereýasynda türkmen halkynyň özboluşly taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän baý etnografiki ýygyndysyny we kitap neşirlerini synladylar.

turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (3).jpg

Minskde geçirilen maslahat diňe bir Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna däl-de, eýsem sanly diplomatik meýdança boldy. Bitaraplyk ýörelgeleriniň – parahatçylyk, goşulyşmazlyk, ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk – durnukly dialog we hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini, Türkmenistanyň baý medeniýetiniň bolsa onuň aýrylmaz buýsanjydygyny we halk diplomatiýasynyň täsirli guralydygyny aýdyň görkezdi.

turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (10).jpg

turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (11).jpg

turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (13).jpg

turkmenistan-30-let-neitralitet-minsk-konferentsiya (1).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026