HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ wizasynyň bahasy 2026-njy ýyldan başlap $435 çenli gymmatlar

Iýul 24, 2025 | 15:12 |14413
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ-a immigrasiýa däl wiza (syýahatçylyk, okuw, iş we beýlekiler) üçin ýüz tutýanlaryň ählisi has köp töleg tölärler2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ-a immigrasiýa däl wiza (syýahatçylyk, okuw, iş we beýlekiler) üçin ýüz tutýanlaryň ählisi has köp töleg tölärler
Çeşme: kz.kursiv.media

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ-a immigrasiýa däl wiza (syýahatçylyk, okuw, iş we beýlekiler) üçin ýüz tutýanlaryň ählisi has köp töleg tölärler. $185 adaty konsullyk tölegine goşmaça $250 möçberinde (wiza düzgünlerini berjaý etmek ücin töleg) täze Visa Integrity Fee tölegi goşular. Şeýlelikde, ABŞ wizasynyň umumy bahasy $435 ýetýär.

Täze wiza tölegi 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan gol çekilen One Big Beautiful Bill (H.R. 1) atly kanunda göz öňünde tutulýar. Kanunyň doly teksti eýýäm congress.gov sahypasynda elýeterlidir.

Täze töleg B1/B2 (syýahat we iş sapary), F-1 (okuw), J-1 (alyş-çalyş maksatnamalary), H-1B (iş) we beýleki meşhur wizalary öz içine alýar. Visa Integrity Fee her ýyl inflýasiýa derejesine görä üýtgedilip durular we sarp ediş baha görkezijisine (CPI) esaslanyp hasaplanar. Bu tölegi ýatyrmak ýa-da azaldyp bolmaz, ol beýleki wiza tölegleriniň üstüne goşular.

Şol bir wagtda, bu töleg dolulygyna wiza düzgünleriniň berjaý edilen ýagdaýynda yzyna gaýtarylyp bilner. Mysal üçin, eger adam ABŞ-da galma möhletini bozman wagtynda ýurdy terk eden bolsa. Yzyna gaýtarylmaýan tölegleriň ählisi ABŞ-nyň döwlet býujetine geçiriler.

Täze düzgüniň 2026-njy ýylyň ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň ilçihanalarynda güýje girmegine garaşylýar. Häzirlikçe bolsa köne düzgünler hereket edýär we wiza tölegi öňküsi ýaly $185 bolmagynda galýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026