HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa bölünen dünýäde hyzmatdaşlygyň ýoluny saýlady: munuň özi sanlarda nähili görkezilýär

Iýul 23, 2025 | 17:15 |4249
“Bölünen dünýäde Merkezi Aziýanyň başga bir ýoly – hyzmatdaşlygyň we umumy çözgütleriň birleşmeginiň ýoluny saýlamagy begendirýär” – BMG-niň  Baş sekretary Antonio Guterreşiň bu sözlerini GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow Duşanbe şäherinde geçirilen 1-nji Merkezi Aziýa ykdysady forumynyň “Merkezi Aziýa täze garaýyşlar we formatlar üçin özara gatnaşyklaryň sebiti hökmünde” ady bilen geçirilen sessiýasynda eden çykyşynda belledi“Bölünen dünýäde Merkezi Aziýanyň başga bir ýoly – hyzmatdaşlygyň we umumy çözgütleriň birleşmeginiň ýoluny saýlamagy begendirýär” – BMG-niň  Baş sekretary Antonio Guterreşiň bu sözlerini GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow Duşanbe şäherinde geçirilen 1-nji Merkezi Aziýa ykdysady forumynyň “Merkezi Aziýa täze garaýyşlar we formatlar üçin özara gatnaşyklaryň sebiti hökmünde” ady bilen geçirilen sessiýasynda eden çykyşynda belledi
Çeşme: egov.tj

“Bölünen dünýäde Merkezi Aziýanyň başga bir ýoly – hyzmatdaşlygyň we umumy çözgütleriň birleşmeginiň ýoluny saýlamagy begendirýär” – BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň bu sözlerini GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow Duşanbe şäherinde geçirilen 1-nji Merkezi Aziýa ykdysady forumynyň “Merkezi Aziýa täze garaýyşlar we formatlar üçin özara gatnaşyklaryň sebiti hökmünde” ady bilen geçirilen sessiýasynda eden çykyşynda belledi.

Plenar sessiýasynyň temasy barada belläp, Ilhom Nematow: “Onuň adynyň Merkezi Aziýa sebitindäki durmuşyň ähli ugurlarynda diýen ýaly bolup geçýän ählumumy özgerişleri açýandygyna ynam bilen aýdyp bolar” – diýip belledi.

“GDA-da Merkezi Aziýa hakykatdanam täze garaýyşlar we özara gatnaşyklar üçin sebite öwrüldi. Sebitiň ykdysady ösüşi 6,2%, dünýäde ortaça 2,6%. Merkezi Aziýa döwletleriniň jemi içerki önümi 273 milliard dollardan 500 milliard dollara çenli ýagny1,6 esse ýokarlandy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary söwdasy 112 milliard dollardan 253 milliard dollara çenli ýagny 2 esse artdy” – diýip, Ilhom Nematow belledi.

23072025-ca-sotrudnichestvo-mir-tsifry-forum (1).jpg

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-islegi sebäpli sebitde dostluk, ynam we hoşniýetli goňşuçylyk atmosferasynyň döredilip bilinjekdigini, çylşyrymly meseleleri çözmekde ylalaşykly çemeleşmäni ileri tutýandygyny aýtdy.

Gysga wagtyň içinde sebit ýurtlary döwlet serhetleri, suwdan peýdalanmak we ulag aragatnaşygyny bilelikde ulanmak meselelerini kadalaşdyrmagy başardylar. Ýagny, Merkezi Aziýa ädimme-ädim täze mümkinçilikleriň, gyzyklanmalaryň ýakynlaşmagy we inklýuziw hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülýär. Sebitdäki oňyn üýtgeşmeler döredilen “Merkezi Aziýa goşmak” dialogynyň formatlarynda öz beýanyny tapdy. Häzirki wagtda 40-a golaý ýurt we iki sebitleýin guramasy bilen 10-dan gowrak şeýle dialogyň meýdançasy herehet edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026