HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Üç ýyldyz möwsümi - häzirki wagtda Türkmenistanda yssynyň iň ýokary derejesiniň näme bilen baglanyşyklydygyny düşündirýäris

Iýul 23, 2025 | 12:48 |5610
Üçýyldyz 23-nji iýulda doglup, 12-nji awgusta çenli, ýagny Ýaldyrak dogýança dowam edýär. Il-gün bu döwri “saryja tomus” diýibem atlandyrypdyrÜçýyldyz 23-nji iýulda doglup, 12-nji awgusta çenli, ýagny Ýaldyrak dogýança dowam edýär. Il-gün bu döwri “saryja tomus” diýibem atlandyrypdyr
Çeşme: orient.tm

Üçýyldyz 23-nji iýulda doglup, 12-nji awgusta çenli, ýagny Ýaldyrak dogýança dowam edýär. Il-gün bu döwri “saryja tomus” diýibem atlandyrypdyr. Şol günler howanyň gyzgynlygy gündizlerine 40 — 46 derejä çenli ýetýär. Bary-ýogy 20 günlük bu döwrüň çarwadyr çomry üçin synag kemi ýok. «Eýe gözi em» diýleninden ugur alyp, daýhan ekiniň, çarwa malynyň suwuny kem etmejek bolýar.

Howanyň çakdanaşa gyzmagy gamyşdyr hyşanyň ösüşine täsir edýär. Toraňňynyň ýapraklary-da göm-gök öwüsýär. Üçýyldyzyň soňky günleri howa örän gurak we yssy bolýar. Şol guraklykdyr yssy howa ekin, aýratyn-da, gowaça üçin ýaramlydyr. Şoňa görä, bu möwsüm onuň köpçülikleýin gülläp, gozalarynyň doluşýan döwri hasaplanýar.

Ata-babalarymyzyň «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen sözüniň manysyny tirsek, Üçýyldyz döwründe howa gündizlerine gyzsa-da, gije çyg düşüp, sowap başlandygyny, ýöne öňde Ýaldyragyň bardygyny ýatladýar. Bu barada «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýlen aýtgyny hem döredipdirler.

Saryja tomusda jandarlar nirede kölege bolsa, şol ýerde gizlenýärler. Hažžyklar, gömülgenler bolsa saýada guma gömlendirler. Iňrik garalyp, agşam düşdügi sähra ýene janlanar. San-sajaksyz mör-möjekleriň, perwanalaryň ugry oduň yşygyna bakadyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026