HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Calibre 8.7 programmasynyň täze görnüşi çykdy: elektron kitaplar üçin güýçli gural

Iýul 22, 2025 | 13:55 |6034
18-nji iýulda elektron kitaplar bilen işlemek üçin giňden tanalýan köp platformaly programmanyň täze görnüşi bolan Calibre 8.7 resmi taýdan çykdy18-nji iýulda elektron kitaplar bilen işlemek üçin giňden tanalýan köp platformaly programmanyň täze görnüşi bolan Calibre 8.7 resmi taýdan çykdy
Çeşme: calibre-ebook.com

18-nji iýulda elektron kitaplar bilen işlemek üçin giňden tanalýan köp platformaly programmanyň täze görnüşi bolan Calibre 8.7 resmi taýdan çykdy. Bu açyk çeşmeli programma dürli formatdaky elektron kitaplary okamak, döretmek we şahsy elektron kitaphanada amatly saklamak üçin niýetlenendir. Calibre Windows, macOS we Linux ulgamlary üçin elýeterlidir. Onuň çeşme kody Python we C dillerinde ýazylan hem-de GNU General Public License v3.0 ygtyýarnamanyň esasynda GitHub platformasynda ýerleşdirilen. Taslama 10 ýyldan gowrak wagt bäri işlenilýär. Calibre 7.0 2023-nji ýylyň noýabrynda, Calibre 8.0 bolsa 2025-nji ýylyň mart aýynda çykaryldy.

1

Taslamanyň awtory Kowid Goyal düşündirişinde belleýşi ýaly, Calibre elektron kitaplary okap bolýan, olary başga formata geçirip, redaktirläp we kataloglaşdyryp bilýän giň mümkinçilikli dolandyryjy programma bolup durýar. Programma elektron kitap okyjy enjamlar bilen işleşip, internetden meta maglumatlary alyp we gazetleri elektron kitap görnüşine geçirip okamak üçin amatly ýagdaý döredip bilýär.

2

Taslamanyň toparynyň belleýşi ýaly, 7.0 wersiýasynyň çykan döwründen bäri bir ýyl içinde uly işler ýerine ýetirildi. Calibre 8.7-niň baş aýratynlyklary hökmünde has tebigy seslendiriş we tekstden sese geçiriş üçin neýron hereketlendirijisi hem-de Kobo KEPUB formatynyň goldanylmagy ýaly funksiýalary görkezilýär.

Calibre 8.7-de esasy üýtgeşmeler we kämilleşdirmeler:

• Kindle üçin ösüşler: 2024-nji ýyldan soňky MTP goldaýan Kindle modelleri üçin sahypa belgileri (APNX) faýllaryny döretmek mümkinçiligi goşuldy.

• Gözleg ösüşleri: Awtory boýunça meňzeş kitaplar gözlenilende “et al.” goşundysyna indi ähmiýet berilmeýär.

• Enjamlar üçin düzedişler: Kobo Touch-dan öňki köne enjamlar bilen Calibre-niň işlemeýän meselesi çözüldi. Şeýle-de, käbir ulgamlarda MTP enjamlarynyň seriýa belgileriniň görkezilmegi bilen baglanyşykly kynçylyklar üçin aýlawly çözgüt tapyldy.

• Kitap redaktirlemede düzedişler: Tekst gözleg düwmesi bilen baglanyşykly ýalňyşlyklar hem-de meta maglumatlary ýüklemekde otur belgileriň nädogry işlenmegi bilen baglanyşykly näsazlyklar düzedildi.

• Interfeýsiň kämilleşdirilmegi: Meta maglumatlary redaktirlemek penjiresinde ulanyjy bellikleri (olaryň möçberi az bolan ýagdaýynda hem) dikligine giňeltmek mümkinçiligi goşuldy.

• Täze habar çeşmeleri: New York Magazine, World Archaeology, Minerva Magazine, Military History we Ancient Egypt ýaly täze neşir çeşmeleri goşuldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026