HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Coca-Cola Trampyň haýyşy boýunça gazly içgisiniň düzümine üýtgeşme girizer

Iýul 22, 2025 | 12:18 |3941
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp, Coca-Cola kompaniýasynyň onuň haýyşy boýunça Amerikanyň bazary üçin niýetlenen gazly içginiň düzümine üýtgeşme girizmäge razy bolandygyny aýtdy.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp, Coca-Cola kompaniýasynyň onuň haýyşy boýunça Amerikanyň bazary üçin niýetlenen gazly içginiň düzümine üýtgeşme girizmäge razy bolandygyny aýtdy.
Çeşme: ot.gr

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp, Coca-Cola kompaniýasynyň onuň haýyşy boýunça Amerikanyň bazary üçin niýetlenen gazly içginiň düzümine üýtgeşme girizmäge razy bolandygyny aýtdy.

"Men Coca-Cola bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hakyky çiňrik şekerini ulanmak mümkinçiligi barada gürrüň geçirdim, olar munuň bilen ylalaşdy. Coca-Cola-nyň ähli ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin. Bu olaryň tarapyndan örän gowy ädim bolar — göriň, ýagty geljekde bu diňe peýda getirer!" - diýip, Tramp çarşenbe güni, 16-njy iýulda, Truth sosial ulgamyndaky akkauntynda ýazdy.

Coca-Cola şol gün resmi sahypasynda beýanat ýerleşdirip, kompaniýanyň “Prezident Trampyň Coca-Cola brendine bolan höwesine haýran galýandygyny” mälim etdi.

“Coca-Cola önümlerimiziň görnüşinde täze innowasion teklipler baradaky giňişleýin maglumat ýakyn wagtda çap ediler” - diýlip, beýanatda aýdylýar. Häzirki wagtda Coca-Cola Amerikanyň bazaryna şol bir at bilen gazly içgini hödürleýär, emma onuň düzüminde hakyky çiňrik şekeriniň ýerine fruktoza taýdan baý mekgejöwen şerbeti ulanylýar.

Reuters habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň administrasiýasynyň saglygy goraýyş ministri Robert F. Kennedi Jr, iýmit önümlerindäki emeli boýaglara we beýleki goşundylara garşy durmak bilen baglanyşykly çäreleri alyp barýar. Şeýle hem, ol amerikalylaryň ýokary derejede şekeri köp ulanýandygyny tankytlady.

Donald Trampyň özüniň berhiz Coca-Cola-ny halaýandygy bellidir. Bu içgide şekeriň ýerine şekeriň ýerini tutýan önümler ulanylýar. Prezidentligiň ilkinji möhletinde Ak Tamdaky Tegelek otagynda bu içgini sargyt etmek üçin ýörite düwme goýlandygy habar berlipdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

13:40 Oktýabr 02, 2026
Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

11:21 Oktýabr 02, 2026
Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

11:18 Oktýabr 02, 2026