HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Yandex" we "SolidSoft" kiberhowpsuzlyk üçin bilelikdäki kärhanany döredýär

Iýul 21, 2025 | 14:30 |4407
"Ýandeks" kompaniýasynyň Yandex B2B Tech bölümi bilen "SolidSoft" rus kiberhowpsuzlyk kompaniýasy bilelikdäki kärhananyň (BK) döredilendigini yglan etdiler"Ýandeks" kompaniýasynyň Yandex B2B Tech bölümi bilen "SolidSoft" rus kiberhowpsuzlyk kompaniýasy bilelikdäki kärhananyň (BK) döredilendigini yglan etdiler
Çeşme: habr.com

"Ýandeks" kompaniýasynyň Yandex B2B Tech bölümi bilen "SolidSoft" rus kiberhowpsuzlyk kompaniýasy bilelikdäki kärhananyň (BK) döredilendigini yglan etdiler. Täze kärhananyň maksady – telekeçilige web-programmalary hüjümlerden we beýleki howplardan goramaga kömek edýän maglumat howpsuzlyk çözgütlerini işläp taýýarlamakdyr.

Yandex B2B Tech-iň beren maglumatlaryna görä, bu bilelikdäki kärhana Yandex Cloud ulgamyndaky kiberhowpsuzlyk ugruny güýçlendirer. Bu ýerde 2024-nji ýylda degişli hyzmatlara isleg 2,1 esse artdy. "SolidSoft" – web-programmalary goramak üçin ulanylýan SolidWall WAF diwarlygyň rus öndürijisi hökmünde tanalýar. Bu çözgüt ulag, telekommunikasiýa we maliýe ýaly dürli ugurlarda ulanylýar. Şeýle hem "SolidSoft"-da programma üpjünçiliginiň howpsuzlygyny awtomatiki seljermek üçin niýetlenen SolidPoint DAST skaneri bar. Yandex B2B Tech-iň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, 2024-nji ýylda Russiýanyň web-programma gorag bazarynyň möçberi 30 milliard rubldan geçdi.

Bilelikdäki kärhana iki kompaniýanyň tejribesini we tehnologiýalaryny birleşdirer. SolidWall WAF diwarlygy bilen Yandex Cloud-yň Smart Web Security hyzmatynyň integrasiýasy meýilleşdirilýär. Bu çözgüt web-hüjümlerden, DDoS we botlardan toplumlaýyn goragy üpjün eder. Şeýle-de, gorag gurallary emeli aň tehnologiýalary arkaly güýçlendiriljekdir. BK-nyň çözgütleri Yandex Cloud bulut ulgamy arkaly ýa-da müşderileriň öz infrastrukturalarynda (on-premises) ornaşdyrylyp elýeterli bolar.

Ylalaşygyň şertlerine görä, "Ýandeks" we "SolidSoft" BK-nyň paýlaryny deň derejede eýelär, bu maksat bilen "Ýandeks" "SolidSoft"-yň 50%-ini satyn aldy. Şeýle-de, "Ýandeks"-iň geljekde öz paýyny artdyrmaga hukugy bar. BK-nyň dolandyrylyşy "SolidSoft"-yň esaslandyryjylary tarapyndan amala aşyrylar. "SolidSoft" bolsa özüniň bar bolan önümlerini ösdürmegi dowam eder, şeýle hem ähli hereket edýän müşderiler we hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnamalar öz güýjünde galar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026