HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-de HHR-niň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Iýul 21, 2025 | 19:35 |4561
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 21-nji iýuly | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Diplomat resmi taýdan ýurtdaky işiniň başlanandygyny alamatlandyrýan özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen mähirli gutlady. Ahmet Gurbanow türkmen tarapynyň hytaýly diplomata alyp barjak işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge doly taýýardygyny beýan etdi. Munuň özi bolsa netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm alamatydyr.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Olaryň umumy pikirine görä bu duşuşyklar Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky syýasy dialogy pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin güýçli itergi berýär diýip, Türkmenistanyň DIM-de habar berildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirildi. Şol bir wagtyň özünde, energetika pudagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini nygtaýan esasy ugur hökmünde bellenildi. Şeýle hyzmatdaşlyk däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň sütünlerinden biridir.

21072025-turkmenistan-kitay-mid-novyy-posol (1).jpg

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler köp ýyllaryň dowamynda durnukly depgini we özara peýdaly häsiýeti görkezýän köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de giňeltmäge ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026