HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Türkmenistana eksporty üç aýda 13%-den gowrak artdy

Iýul 21, 2025 | 14:18 |3431
Eýranyň nebite degişli bolmadyk önümleriniň Türkmenistana eksporty geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende, häzirki eýran ýylynyň ilkinji üç aýynda (2025-nji ýylyň 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli) möçber taýdan 5,22%, nyrh taýdan bolsa 13,2% ýokarlandy.Eýranyň nebite degişli bolmadyk önümleriniň Türkmenistana eksporty geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende, häzirki eýran ýylynyň ilkinji üç aýynda (2025-nji ýylyň 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli) möçber taýdan 5,22%, nyrh taýdan bolsa 13,2% ýokarlandy.
Çeşme: trend.az

Eýranyň nebite degişli bolmadyk önümleriniň Türkmenistana eksporty geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende, häzirki eýran ýylynyň ilkinji üç aýynda (2025-nji ýylyň 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli) möçber taýdan 5,22%, nyrh taýdan bolsa 13,2% ýokarlandy.

Bu barada Trend Eýranyň Gümrük dplandyryşynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Maglumatlara görä, hasabat döwründe Eýran Türkmenistana takmynan 364 müň tonna nebite degişli bolmadyk önümleri eksport edipdir, bu bolsa takmynan 125 million ABŞ dollaryna deňdir. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň möçberi 346 müň tonna bolup, onuň umumy bahasy 110 million dollara barabar bolupdy.

Eksport edilen önümleriň arasynda oba hojalyk we azyk önümleri, senagat harytlary, transformatorlar, suw sowadyjy enjamlary, nebit-himiýa önümleri hem-de beýleki dürli görnüşler bardy.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygy şu üç aýyň dowamynda 365 müň tonna möçberinde bolup, umumy bahasy takmynan 127 million ABŞ dollaryna ýetdi.

Umumylykda, Eýranyň Gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynda ýurt umumy bahasy takmynan 11,7 milliard dollar möçberinde 34,5 million tonna nebite degişli bolmadyk harytlary daşary ýurtlara eksport etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026