HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus inženerleri öýken kesellerini tiz anyklamak üçin emeli aň ulgamly detektory döretdiler

Iýul 17, 2025 | 15:45 |4094
Rus inženerleri täze we özboluşly enjam – bary-ýogy bir minudyň dowamynda dem alyş ýollarynyň demgysma, HOÖK we beýleki giňden ýaýran kesellerini anyklap bilýän detektory döretdilerRus inženerleri täze we özboluşly enjam – bary-ýogy bir minudyň dowamynda dem alyş ýollarynyň demgysma, HOÖK we beýleki giňden ýaýran kesellerini anyklap bilýän detektory döretdiler
Çeşme: Milli tehnologiýa başlangyjy

Rus inženerleri täze we özboluşly enjam – bary-ýogy bir minudyň dowamynda dem alyş ýollarynyň demgysma, HOÖK we beýleki giňden ýaýran kesellerini anyklap bilýän detektory döretdiler. Bu enjamyň esasy aýratynlygy – dem alyşy seljermek üçin maşyn öwreniş algoritmlerini ulanmagyndadyr. Ol hassanyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyny öňünden çaklap bilýär we aýratyn maslahatlary berýär.

Bu “akylly” detektor adaty ölçeg enjamlaryna garanyňda has çalt we netijeli işleýär. Ol diňe sanlary görkezmän, bir minutda düşnükli grafikler we ölçegler arkaly giňişleýin hasabaty taýýarlap berýär. Enjam ýokary takyklykly datçikler bilen üpjün edilen: spirometrler, CO₂, temperatura, çyglylyk we hatda dem alyş sesini ölçäp bilýän datçikler toplumy bilen üpjün edilendir, bu bolsa toplumlaýyn seljeriş mümkinçiligini berýär. Taslamanyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, bu dünýäde ilkinji gezek dem alyşy öwrenip, anyklaýyş takyklygyny ýokarlandyryp bilýän detektordyr.

Täzelik hem lukmanlara, hem näsaglara peýdaly bolar. Lukmanlar kabul ediş wagtynyň özünde tiz diagnoz goýmak üçin takyk enjam bilen üpjün ediler, bu bolsa goşmaça barlaglara bolan zerurlygy azaldar. Näsaglar bolsa öý şertlerinde öz ýagdaýlaryny gözegçilikde saklap bilerler, bu bolsa agyrlaşma töwekgelçiligini peselder. Geljekde şeýle enjamlaryň hroniki öýken keselleriniň bejergisine sarp edilýän çykdajylary ýurduň derejesinde azaltmaga kömek etmegine garaşylýar. Şeýle ulgamlaryň dünýäde Samsung-yň Galaxy AI smartfonlarynda we Apple-yň Playground goşundysynda üstünlikli ulanylýandygy bu ugur boýunça işleriň wajyplygyny tassyklaýar.

Häzirki wagtda enjamyň prototipi taýýar, barlaghana we ilkinji synag barlaglary geçirildi, şeýle hem patent alyndy. Indiki tapgyrlarda Seçenowsk uniwersiteti bilen bilelikde kliniki synaglar, Roszdrawnadzorda hasaba alyş we soňundan bolsa hassahanalar hem-de telelukmançylyk hyzmatlary üçin tapgyrlaýyn önümçilik meýilleşdirilýär. Bilermenler bolsa duýduryş berýärler: bu enjam möhüm kömekçi serişde bolup durýar, ýöne lukman bilen aragatnaşygyň zerurlygyny aradan aýyrmaýar we öz-özüňe bejergi üçin niýetlenen däldir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026