HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky Rus öýi çagalary tomusky döredijilikli dynç alyş günlerine çagyrýar

Iýul 19, 2025 | 10:42 |4744
Aşgabatdaky Rus öýi 7-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin tomusky dynç-alyş we bilim maksatnamasyny guraýarAşgabatdaky Rus öýi 7-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin tomusky dynç-alyş we bilim maksatnamasyny guraýar
Çeşme: depositphotos

Aşgabatdaky Rus öýi 7-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin tomusky dynç-alyş we bilim maksatnamasyny guraýar. Sapaklar 21, 23 we 25-nji iýulda geçiriler hem-de baý mazmunly, gyzykly we öwrediji maksatly bolar. Maksatnama ussatlyk sapaklaryndan we hereket oýunlaryndan tanslara we edebiýat wiktorinalaryna çenli dürli çäreleri öz içine alýar. Her gün gatnaşyjylara tematiki baýramçylyk garaşýar:

21-nji iýulda – “Howa şarlar” baýramçylygy, “Dostluk tegelegi” tomusky horowod oýunlary we plastilin boýunça döredijilik sapaklary. 23-nji iýulda – Zumba Kids sapagy, Nikolaý Nosowyň hekaýalary boýunça okyjy ýaryşlary, “Hyýar howsalasy” şadyýan çäresi hem-de “Hasyly ýygna” wiktorinasy.

25-nji iýul – Zumba Kids sapaklarynyň dowamy, ösdüriji hereket oýunlary, küşt güýmenjesi we origami elementli süýji “Tort güni”. Ähli çäreler 13:00-dan 16:00-a çenli Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11 salgysy boýunça geçiriler.

Gatnaşmak üçin öňünden ýazylmaly. Ýerler çäkli – 18 gatnaşyja çenli. Bellige alnyş otdel_tm@mail.ru elektron poçtasy arkaly amala aşyrylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026