HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Robot metabolizmi»: ABŞ-da ösüp bilýän we öz-özüni dikeldip bilýän robotlar işlenip taýýarlanyldy

Iýul 18, 2025 | 13:00 |3582
ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri “robot metabolizmi” atly möhüm tehnologiýany işläp düzdiABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri “robot metabolizmi” atly möhüm tehnologiýany işläp düzdi
Çeşme: Creative Machines Lab

ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri “robot metabolizmi” atly möhüm tehnologiýany işläp düzdi. Bu tehnologiýa robotlara ösmäge, şikeslerden soň dikelmäge hem-de daşky gurşawdan ýa-da beýleki robotlardan alynýan elementler arkaly “iýmitlenmäge" mümkinçilik berer. Biologiýadan ylham alan bu ýörelge, özbaşdak toplanyp bilýän we çylşyrymly gurluşlara öwrülýän Truss Link modul enjamlary arkaly işläp taýýarlandy. Mysal üçin, tetrasimetrik robot goşmaça modul bilen birleşdirilenden soň, hereket tizligini 66%-den gowrak ýokarlandyrdy.

1

Häzirki zaman robotlarynyň köplenç durnukly, uýgunlaşyp bilmeýän bedenleri bilen deňeşdirilende, “robot metabolizmi” maşynlaryň fiziki özbaşdaklygynyň täze döwrüni açýar. Professor Hod Lipsonyň pikiriçe, bu tehnologiýa geljekde halas ediş operasiýalaryndan başlap, kosmosyň çuň ýerlerine çenli dürli gurşawda ýaşap we uýgunlaşyp bilýän robot “ekoulgamlaryny” döretmäge tarap möhüm ädimdir. Alymlar robotlary bölekler bilen işleşmegi, komponentleri alyşmagy we özlerini adam kömegi bolmazdan dikeltmegi öwretmegi maksat edinýärler.

Özüni gaýtadan döredip bilýän we üýtgedip bilýän robotlar baradaky düşünje käbir ahlak soraglary döredýär we ylmy fantastikany ýada salýar. Muňa garamazdan, taslamanyň awtorlary bu innowasiýanyň amaly taýdan örän zerurdygyny belleýärler. Has kän wezipeler maşynlara ynanylýan döwründe, robotlaryň özlerini hyzmatda saklamaga we bejerip bilmäge ukyply bolmagy – geljekki awtonom ulgamlaryň meselelerine logiki we zerur jogap hökmünde garalýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026